JEMGYÝET

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

2026-njy ýylyň 1-6-njy marty aralygynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary Türkiýäniň iň beýik nokady bolan Agry dagyna çykdylar.

Bu başlangyç, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygar bilen yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guraldy. Çäre sport diplomatiýasyny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, şeýle hem watançylyk we milli gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirildi.

Alpinist ýörüşine tejribeli alpinist we toparyň ýolbaşçysy Agajan Öwlýagulyýew ýolbaşçylyk etdi. Alty günüň dowamynda gatnaşyjylar çylşyrymly ugurlary we beýik daglaryň agyr howa şertlerini ýeňip geçip, ýokary taýýarlyk derejesini, agzybirligi we maksada okgunlylygyny görkezdiler.

Agry dagynyň depesine, 5137 metr beýiklige ýetilenden soň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, «Arkadag» futbol klubunyň nyşany hem-de 2026-njy ýylyň nyşany dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu sport çäresi milli gymmatlyklara, sport üstünliklerine hormatyň nyşany bolup, halklaryň arasynda parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany boldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň goldawy bilen, Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň we sport janköýerleriniň başlangyjy boýunça Ankara we Antalýa şäherlerinde «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler klublarynyň döredilendigini bellemeli.

Bu ädim «Arkadag» futbol klubuna bolan halkara gyzyklanmanyň yzygiderli artýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, türkmen ýaşlarynyň Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni we sport ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygyny tassyklaýar. «Arkadag» futbol klubunyň daşary ýurtlarda janköýerleriň sanynyň artmagy türkmen sportunyň abraýynyň ýokarlanýandygyny we onuň halkara giňişliginde barha giňden tanalýandygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi