SPORT

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

“Dünýä çempionatynyň açylyşynda Meksika wekilçilik et” atly bäsleşige 16-25 ýaş aralygyndaky gyzlar gatnaşyp bilerler. Meksikanyň prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum milli bäsleşigiň başlanýandygyny yglan etdi. Onuň ýeňijisi döwlet baştutanynyň 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatynyň açylyş oýunyna niýetlenen 00001 belgili biletine eýe bolar.

“Men bu ýerde, [Mehikonyň merkezi meýdançasy] Sokalo meýdançasynda halk bilen bilelikde açylyş dabarasyna tomaşa ederin, şol wagt bolsa gyzlaryň biri dabarada meniň adymdan wekilçilik eder. Açylyş dabarasynda bizi — meni we Meksika halkyny görkezer” diýip, Şeýnbaum gündelik metbugat maslahatynda aýtdy.

“Dünýä çempionatynyň açylyşynda Meksika wekilçilik et” bäsleşigine 16-25 ýaş aralygyndaky gyzlar gatnaşyp bilerler. Munuň üçin olar 9-njy martdan 10-njy aprele çenli aralykda öz futbol ukyplaryny görkezýän wideo ýazgy etmeli we ony ýörite saýta ýüklemeli. Ýeňijini saýlama komiteti kesgitlär. Onuň düzümine halkara derejeli futbol emini Katýa Itsel Garsiýa, futbolçy Çarlin Korral we sport žurnalisti Gabriela Fernandes de Lara girdiler.

2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli Kanada, Meksika we ABŞ-da geçiriler. Ýaryşa taryhda ilkinji gezek 48 sany milli ýygyndy gatnaşar. Meksika we Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndylarynyň arasyndaky ilkinji duşuşygy 11-nji iýunda Meksikada geçirmek meýilleşdirilýär. Final duşuşygy 19-njy iýulda Ist-Raterfordda (ABŞ, Nýu-Jersi ştaty) bolar.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri