JEMGYÝET

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Aziýanyň derejesi boýunça ikinji topar bäsleşigi bolan AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde «Arkadag» topary Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary bilen duşuşdy. Aşgabadyň 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda geçirilen duşuşyk örän uly şowhuna beslendi. Duşuşyga “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat ajaýyp futbol baýramçylygynyň şaýady boldy. Türkmenistanlylaryň köp sanlysy Aşgabadyň Olimpiýa stadionyny dolduryp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen “Arkadag” toparyna janköýerlik etdiler.

Uly şatlyk we şowhuna beslenen bu duşuşyk dünýäniň sport jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin dünýäniň köp sanly ýurdundan – Tükriýeden, Gruziýadan, Azerbaýjandan, Gazagystanda, Hytaýdan we beýleki döwletlerden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem bu duşuşyga tomaşa etmek üçin ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň wekilleri hem gatnaşmagy  Türkmenistanyň sportuň ýurdudygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda şeýle ajaýyp futbol duşuşygy boldy.

Duşuşykda “Arkadag” topary erjel oýun görkezdi, Aziýanyň iň güýçli toparlarynyň biri bolan Saud Arabystanyň “Al-Nasr” toparyna garşy mynasyp oýun görkezdi. Duşuşyk 1:0 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

39 ýaşly bahreýnli emin Ammar Ibrahim Hasan Mahfudyň eminlik eden duşuşygynda ýeke-täk goly 19-njy minutda Abdullah Al-Hamdan geçirdi.

Arkadag şäheriniň topary duşuşygyň iň soňky pursatlaryna çenli owadan oýny, mynasyp çykyşy we howply pursatlary bilen futbol janköýerleriniň üns merkezinde boldy. Ajaýyp oýun türkmen futbolçylary üçin uly tejribe boldy.

Entek bu iki toparyň arasyndaky 1/8 finalyň duşuşyk tamamlanmady. Toparlar 18-nji fewralda Er-Riýad şäherinde jogap duşuşygyna çykarlar. Şonuň üçin “Arkadag” toparynyň entek ýaryşyň nobatdaky tapgyryna çykmaga mümkinçiligi bar.

 

Ýene-de okaň

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti: türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin anyk tekliplere garamaga taýýardyrys

“Al-Nassr” toparynyň tälimçisi: “Arkadag” toparynyň oýunçylarynyň kämillik derejesi ýokary

«Al-Nasr» topary Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri