JEMGYÝET

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabadyň 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nasr” toparlarynyň tälimçileriniň hem-de futbolçylarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan duşuşykdan soňky metbugat ýygnagynda «Arkadag» toparynyň tälimçisi Mergen Orazow çykyşynyň başynda şeýle ajaýyp futbol duşuşygyny geçirmek üçin döredip beren ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine öz hoşallygyny bildirdi.

Duşuşykdan garaşylan netijäni alyp bilmändiklerini bellän türkmen tälimçisi Er-Riýadda geçirilejk jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk görjekdiklerini belledi.

Futbolçylaryna hem görkezen oýunlary üçin minnetdarlyk bildiren Mergen Orazow tälimçiler topary bilen bu duşuşykdan netije çykayrp, öňde boljak oýna taýýarlyk görüp başlajakdyklaryny belledi.

Habarçylaryň sowallaryna jogap beren Mergen Orazow stadiony dolduran türkmen janköýerlerine hem minnetdarlyk bildirdi.

“Arkadag” toparynyň düýäniň güýçli toparlarynyň biri bilen duşuşandygyny bellän Mergen Orazow “Al-Nasr” topary Saud Arabystanynyň çempionaty doam edýändigini üçin yzygiderli oýunlardyr duşuşyklary geçirýändigini, “Arkadag” topary bolsa täze möwsüme taýýarlyk görýändigini belledi.

Saud çempionatynyň dowam edýändigi üçin “Al-Nasr” toparynyň öňde başga duşuşyklarynyň hem bardygyna ünsi çeken türkmen tälimçisi “Arkadag” toparynyň bolsa, baş maksadynyň diňe öňde boljak jogap duşuşygyna taýýarlyk görmek boljakdygyny aýtdy.

Toparyň düzümini güýçlendirmek ýaly meýilnamalarynyň ýokdugyny bellän türkmen hünärmeni toparyň düzüminde ökde futbolçylaryň bardygyny, birnäçe täze futbolçylaryň goşulandygyny, olaryň hem kem-kemden toparyň oýnuna uýgunlaşyp başlandygyny, şikesli futbolçylaryň hem gaýdyp gelmegi bilen jogap duşuşygynda mynasyp oýun görkezmek ugrunda tagalla etjekdiklerini belledi.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri