JEMGYÝET

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” topary bilen duşuşan Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nasr” toparynyň portugal tälimçisi Jorge Jesus türkmen toparynyň örän güýçlidigini belledi. Metbugat ýygnagyna “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Duşuşykdan soňra geçirilen metbugat ýygnagynda saud toparynyň tälimçisi Aşgabadyň ajaýyp stadionynda “Arkadag” topary bilen örän netijeli duşuşyk geçirendiklerini belledi. Duşuşykda gazanylan netijeden hoşal bolan portugal hünärmen “Al-Nasr” toparynyň indiki tapgyryna çykandygyny doly aýdyp bolmaýandygyny, sebäbi öňde jogap duşuşygynyň hem bardygyny belledi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada we döwrebap stadiona haýran galandygyny bellän portugal hünärmen türkmen myhmansöýerligi üçin hem minnetdarlyk bildirdi.

Jogap duşuşygynda haýsy düzümde oýnajakdyklary baradaky sowala portugaliýaly hünärmen toparyň düzüminde üýtgeşikleriň bolup biljekdigini belledi.

Saud toparynyň futbolçysy hem öz çykyşynda örän netijeli hem-de güýçli topar bilen duşuşyk geçirendiklerini belläp, türkmen myhmansöýerligine minnetdarlyk bildirdi.

 

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»