Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 62 medal gazandylar. Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralar, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümi guramaçylykly geçirildi. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Hasabat döwründe 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.
Ýanwar aýynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Şunuň bilen bir hatarda, bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.
