DÜNÝÄ

Stambulda 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi

Stambulyň Medipol uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Ö.Jumanazarow, uniwersitetiň ýolbaşçylary we professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem Türkiýe Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygarynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Ganatly bedewleriň ýurduň depginli ösüşini, belent maksatlaryny we geljege bolan uly ymtylmasyny alamatlandyrýandygy nygtaldy.

Medipol uniwersitetiniň wekilleri öz çykyşlarynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we durnukly ösüşini belläp, bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen diplomatlary Medipol uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirip, onuň dowamynda okuw, ýaşlaryň jemgyýetçilik-medeni durmuşa gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy