Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk eder. Guramanyň merkezi edarasy ýerleşýän Belarusyň Minsk şäherinde Türkmenistan gurama başlyklyk edýän döwründäki ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.
Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýän ýylynda ulag we logistika, sanlylaşdyrma hem-de sport ulgamlaryna aýratyn üns berer. Aşgabat öz iş meýilnamasyny Minskde Arkalaşygyň ýurtlarynyň hemişelik wekilçilikli wekilleriniň mejlisinde mälim etdi.
Arkalaşyk üçin möhüm bolan ugurlara döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berler. Meýilnamalarda üstaşyr amallary sanlylaşdyrmak we elektron söwdany giňeltmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan şeýle hem Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda geçelge emele getirip, öz ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürer.
«Türkmenistanyň çäginden birnäçe örän möhüm ugurlar geçýär: “Gündogar – Günbatar”, “Demirgazyk – Günorta”. Häzirki wagtda Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan bilen bu ugurlary giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar» diýip, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew belledi.
«Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygy ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan yzygiderli syýasatynyň dowam etdirilmeginiň möhüm tapgyrydyr» diýip, Türkmenistanyň GDA-nyň we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik wekili Nazarguly Şagulyýew aýtdy.
Şeýle hem mejlisde hemişelik wekilleriň täze ýyl üçin iş meýilnamasy we «GDA-nyň statistikasyny ösdürmek» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi maslahatlaşyldy.
