JEMGYÝET

Türkmen wekiliýeti Prezident Masud Pezeşkianyň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Eýram Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň duşuşygy boldy. Onda goňşy ýurduň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlaglary we iň gowy arzuwlary ýetirildi.

Dostlukly ýörelgelere esaslanan türkmen-eýran hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürilip, onuň okgunly ösüşine ýokary derejedäki duşuşyklar öz goşandyny goşýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipesine girişmek dabarasyna dünýäniň 80-e golaý döwletinden ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy. Olaryň hatarynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze we beýleki ýolbaşçylar bar.

Related posts

“Amul — Hazar 2018”: Ikinji tapgyr tamamlandy

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Karl III gutlady

Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy