DÜNÝÄ

Türkiýede özbek mekdebiniň gurluşygyna badalga berildi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkiýe Respublikasynda resmi saparda boldy. Ol saparyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Şeýle hem Ankara şäherine bolan resmi saparynyň çäginde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Hataý welaýatynda özbek tarapyndan gurlan «Özbegistan» ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Özbek Lideri mundan 3 ýyl ozal bolup geçen weýrançylykly ýer titremesiniň doganlyk türk halky üçin iň agyr synag bolandygyny belledi. Özbegistan şol pajygaly döwrüň ilkinji günlerinden başlap, Türkiýä hemmetaraplaýyn goldaw berip başlady.

Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň başlangyjy bilen ýer titremesiniň netijelerini aradan aýyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalaryň amala aşyrylandygy aýratyn bellenilip geçildi. Şu güne çenli ýurtda 455 müňden gowrak ýaşaýyş jaýy guruldy.

Öz gezeginde, Özbegistan gysga wagtyň içinde Hataý welaýatynyň Arsuz etrabynda döwrebap düzümli, doly abadanlaşdyrylan 300-den gowrak öýi öz içine alýan 24 sany köp gatly ýaşaýyş jaýyndan ybarat döwrebap toplumy gurdy.

Döwlet Baştutanlary täze öýleriň açarlaryny olaryň eýelerine dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

Şeýle hem Türkiýäniň we Özbegistanyň Prezidentleri Stambul şäheriniň Bakyrköý etrabynda özbek mekdebiniň gurluşygyna badalga berdiler — bu Özbegistanyň daşary ýurtdaky ilkinji bilim edarasydyr.

Täze okuw mekdebi Türkiýede ýaşaýan özbek maşgalalarynyň çagalaryna ene dilinde bilim almaga, şeýle hem milli gymmatlyklaryny, medeniýetini we däp-dessurlaryny saklamaga mümkinçilik berer.

Taraplar bu mekdebiň iki doganlyk halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam etjekdigine we ýaş nesli okatmagyň hem-de terbiýelemegiň möhüm aň-bilim merkezine öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» toparynyň janköýeri çykdy

“Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Öýde ýeke özi”: Kewiniň ejesi aradan çykdy

Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly 2026-njy ýylda geçiriljek çäreleriň maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar

Türkmenistan Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görýär