Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallar üçin söz we hereketlerde ünsli bolmak, iş şertlerinde anyklyk we takyklyk bilen hereket etmek möhümdir. Häzirki wezipelere ünsi jemlemek we konfliktiň öňüni almak maslahat berilýär. Işde tiz kararlardan gaça durmak we öň meýilleşdirilen ugurlara laýyk hereket etmek, geljekki taslamalaryň durnukly ýerine ýetirilmegine ýardam eder.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlar üçin öňki ädimleriň netijelerini analitik taýdan seljermek zerurdyr. Bu gün maliýe we býujet meselelerine aýratyn üns bermek, mümkinçilikleri we töwekgelçilikleri deňeşdirmek maslahat berilýär. Netijeli çözgütler almak üçin strategiýany döwrebap taýdan seljermek peýdaly bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Jöwzalar üçin bu gün maglumatlaryň toplanyşy we seljerilmegi bilen tapawutlanýar. Möhüm meselelerde üstünlik gazanmak üçin ünsüňizi esasy ugurlara jemlemelidirler. Düzgünli aragatnaşyk we ölçegli sözler günüň netijeliligini ýokarlandyrar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanlar bu gün intuisiýa bilen hereket etmäge çagyrylýar. Gizlin töwekgelçilikleri we duýduryşlary duýmak işleriňizi gorar. Güniň ikinji ýarymynda kararlaryňyzy tejribäňize we içki duýgularyňyza esaslanyp kabul etmek maslahat berilýär.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Esetler üçin maliýe we serişdeleriň paýlanyşy öňe çykýar. Häzirki çykdajylary we meýilleşdirilen taslamalary seljermek, geljekki ykdysady durnuklylygy üpjün eder. Bu gün täze zatlary öwrenmek we resurslary optimizirlemek üçin amatlydyr.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleler hünär ukyplaryny seljermek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen meşgullanar. Resminamalar we düzgünnamalar bilen işlemek, işleriň takyk we tertipli ýerine ýetirilmegine şert döreder.Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen dynç almak hem peýdaly bolar.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Mizanlar maglumat akymlaryny seljermekde üstünlik gazanarlar. Hasabatlary dokumentleri we statistiki maglumatlary düzetmek üçin bu gün amatlydyr. Güniň ikinji ýarymynda geljekki kararlaryňyzy durmuşa geçirmek üçin amatly bolar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Akraplar üçin kollektiw maliýe we jogapkärçilikli meseleler öňe çykýar. Häzirki wezipäňizi gözden geçirmek, maliýe düzgünlerini berkitmek we resurslary optimizirlemek gün talaplaryna laýykdyr.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Kowuslar hyzmatdaşlyk we gepleşiklerde netijeli hereket etmäge çagyrylýar. Alçaklyk we deňagramly çemeleşme geljekki hyzmatdaşlygyň durnukly bolmagyna we netijeli alnyp barylmagyna goşant goşar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün meýilnamalaryňyzy üýtgetmegiňizi talap edýän ownuk düşünişmezlikler ýa-da hadysalar bolup biler. Iň bolmanda günortana çenli möhüm karar bermezlige çalşyň. Ýagdaýa dogry baha bermek we hereketleriňiziň nähili netijelere getirip biljekdigini çaklamak aňsat bolmaz. Az salym garaşyň, hemme zat ýakyn wagtda düşnükli bolar. Günüň ikinji ýarymynda oňyn meýilleriň täsiri güýçlener, bu durmuşyň ähli ugurlarynda göze iler.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Bu gün täze başlangyçlary we şahsy gatnaşyklary seljermek üçin amatly pursatdyr. Toparlaýyn meselelerde bilelikdäki çemeleşme, umumy maksatlara ýetmegiň esasy şertidir. Meýilleşdirilmedik duşuşyklar ähtimal, göwnüňize ýaran adam bilen tanyşmagyňyz mümkin.Günüň ikinji ýarymynda dostluk we romantik gatnaşyklar başlap biler. Hemme zat özüňi alyp barşyňyza bagly bolar.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hutlar üçin gün içki we daşky gurşawy deňagramly saklamak bilen tapawutlanýar. Diplomatik çemeleşme, konfliktleri çözmekde we durnukly hyzmatdaşlygy üpjün etmekde möhüm rol oýnar.Günüň ikinji ýarymy maşgala wakalary, garyndaşlar bilen duşuşmak we öý işlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin has amatly bolar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
