DÜNÝÄ

Türk kompaniýalary Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmaga taýýar

Türk kompaniýalary “akylly şäher” konsepsiýasy esasynda gurulýan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny hem öz içine alýan, Türkmenistanyň geljegi uly taslamalarynda täze işleri ýerine ýetirmäge taýýardyr. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok metbugat ýygnagynda aýtdy.

«Baý tebigy serişdeleri we türkmen halkynyň zähmetsöýerligi netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde iň çalt ösýän ykdysadyýetleriň birine öwrüldi», – diýip diplomat belledi.

Onuň bellemegine görä, Garaşsyzlygynyň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistan nusgalyk şäherleri, dünýä derejesindäki ýollary, howa menzilleri, zawodlary, mekdepleri we hassahanalary bolan döwrebap döwlete öwrüldi.

Demirok türk tarapynyň öz kompaniýalarynyň ýurduň iri maýa goýum taslamalaryna goşan goşandyna buýsanýandygyny nygtady. «Kompaniýalarymyza berilýän goldaw üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirýäris», – diýip ol aýtdy.

Ilçi, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny alaly bäri türk kompaniýalarynyň ýurtda umumy bahasy 54 milliard ABŞ dollaryndan geçýän 1000-den gowrak taslamany üstünlikli ýerine ýetirendigini habar berdi. Olaryň hatarynda elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji liniýalar, awtomobil ýollary, ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri, uniwersitetler, mekdepler, myhmanhanalar, zawodlar, muzeýler, seýilgähler, hassahanalar we portlar bar.

Ýene-de okaň

Rus ýolagçy uçarlaryny Hindistanda öndürmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ylmy hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkiýe Türkmenistan bilen bilelikde Transhazar geçelgesiniň ösdürilmegini çagyrdy

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy