DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Aşgabatda Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen Türkmenistanyň awtomobil ýollary ministri Hangeldi Kerimowyň arasynda duşuşyk boldy diýip, Özbegistanyň «Dunýo» neşiri habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda awtomobil ýollaryny gurmak we ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýol gurluşygy ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, dolandyryşy sanlylaşdyrmaga, köpri gurluşygyny we ulag çözgütlerini işläp düzmäge, şeýle hem beýleki özara bähbitli ugurlarda tejribe alşylmagyna aýratyn üns berildi.

Taraplar amaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar, muňa özara saparlar, hünärmenleriň derejesindäki iş duşuşyklary, şeýle hem bilelikdäki taslamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek işleri degişlidir.

Related posts

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Awaza geldi

Türkmenistanda Halkara täjirçilik arbitraž merkezi dörediler

Russiýanyň daşary işler ministri Lawrow Aşgabada gelýär