SIZDEN GELENLER

Ýylyň şygary – milli buýsanjymyzyň ykrary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýagşy arzuwlar bilen garşylanan 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly ady bilen geçýär. Beýik döwrümiziň döredijilik ruhunyň, ajaýyp durmuşymyzyň beýany bolan döwrebap şygar ildeşlerimiziň buýsançly başyny göge ýetirdi. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyz berkarar Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygaryna bagyşlanan dabaraly çärelere ýokary ruhubelentlikde gatnaşýar.

Şanly ýylyň şygarynda we nyşanynda ahalteke bedewiniň şöhlelendirilmegi her bir ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende göterip, uly üstünliklere hyjuw berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde gurlan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi bu ugurdaky işleriň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.

Onuň düzüminde atçylyk, atçylygyň weterinariýasy, atly sport, syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetleri bar. Akademiýa öňdebaryjy enjamlar, ýörite okuw serişdeleri we umumy, tejribe, amaly sapaklary geçmäge, ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem “akylly” şäherde halkara ölçeglere laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hereket edýär. Arkadag şäherinde 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem hereket edýär. Sanly ulgam we häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen, özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan bu döwrebap desgada sirk ussatlarynyň çykyş etmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar.

Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek irginsiz zähmeti, bilimi, söýgini we zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda tutanýerli zähmet çekipdirler. Bedewleriň ajaýyp ahalteke tohumynyň kemala getirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “At-da wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplarynda ýelden ýüwrük bedewler barada söhbet açýar. Türkmenistanda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu gurama dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirýär. Onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, täze bilelikdäki taslamalar hem-de işewür gatnaşyklar bilen onuň mazmunyny baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.

Ahalteke bedewleri barada döwlet derejesinde edilýän uly aladalara jogap edip, türkmen atşynaslary öz öňlerinde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek üçin yhlasyny, bilimlerini we tejribesini gaýgyrmaýarlar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri hem ussatlyklaryny barha kämilleşdirýärler. Çünki bu toparyň çykyşlaryna hemişe uly höwes bilen tomaşa edilýär. Olaryň çykyşlarynda çeýelik, gözellik hem-de ussatlyk bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu bolsa toparyň agzalarynyň öz işinde ýokary ussatlyk derejesine ýetendigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ahalteke bedewi 2017-nji ýylda ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem özboluşly nyşanyna öwrülipdi. Bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny behişdi bedewimiziň şekili bezeýär, paýtagtymyzdaky Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren suw çüwdürimler toplumy, Oguz hanyň buýsançly at üstündäki heýkeli, Aşgabatdaky Polatly aýlaw ýolunyň meýdançasy, Arkadag şäherindäki Akhan şaýolunyň aýlawy, meşhur bedewleriň heýkelleri gözellige görk goşýar. Bu zatlar her birimiziň kalbymyzda ýakymly duýgulary döredýär.

Halkymyzyň buýsanjyna we şöhratyna öwrülen bedewlerimize uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza bolan alkyş-hoşallygymyz çäksizdir.

Şerzad Bahtiýarow,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir