SPORT

Ispaniýanyň Supekubogynyň finaly: 2026-njy ýylyň ilkinji “El-Klasikosy”

2026-njy ýylyň futbol möwsümi uly çekeleşik bilen başlaýar. Ispaniýanyň Supekubogynyň ýarym finallary tamamlandy we finalda bizi dünýäniň iň uly derbisi — “El-Klasiko” garaşýar.

Ispaniýanyň “Real” topary futbol boýunça Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym final duşuşygynda “Atletiko” toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Ýaryş Saud Arabystanynda geçirilýär.

Ýeňiji toparyň düzüminde gollary Federiko Walwerde (2-nji minut) we Rodrigо (55-nji minut) geçirdi. Utulan toparda ýeke-täk gol Aleksandr Sýorlota (59-njy minut) degişlidir.

Finalda “Real” topary ozal “Atletik Bilbao” toparyny 5:0 hasabynda ýeňen “Barselona” topary bilen duşuşar. Duşuşyk 11-nji ýanwarda geçiriler.

ISPAN SUPERKUBOGY BARADA

Ispaniýanyň Superkubogy 2019/20-njy möwsüminden bäri mini-ýaryş görnüşinde geçirilýär. Adatça oňa ýurduň çempiony we wise-çempiony, şeýle hem milli kubogyň ýeňijisi we finalçysy gatnaşýar. Emma geçen möwsümde “Barselona” iki ýaryşy hem utdy, “Real” bolsa iki ýaryşda-da kümüş medal eýesi boldy. Şonuň üçin şu ýylky Ispaniýanyň Superkubogynda soňky milli çempionatda üçünji we dördünji orunlary alan toparlar gatnaşýarlar.

Ýaryş 1982-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ýeňişleriň sany boýunça rekordyň eýesi “Barselona” toparydyr (15 gezek). Geçen möwsümde katalon kluby finalda “Real” toparyny 5:2 hasabynda ýeňipdi.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri