BIZNES

Baýraktar: Türkiýe bilen Azerbaýjan tebigy gaz boýunça täze ylalaşyk baglaşdy

Türkiýe bilen Azerbaýjan tebigy gazyň iberilmegi boýunça umumy m]cberi 33 milliard kub metr bolan täze uzak möhletli şertnama baglaşdy. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar mälim etdi.

Onuň bellemegine görä, gazanylan ylalaşyklaryň çäginde 15 ýylyň dowamynda Azerbaýjanyň Hazar deňziniň azerbaýjan böleginde ýerleşýän «Abşeron» käninden her ýyl 2,25 milliard kub metr tebigy gaz iberiler.

Ministr şertnamanyň durmuşa geçirilmeginiň 2029-njy ýylda başlanjakdygyny we 2040-njy ýyllara çenli dowam etjekdigini belledi.

“Bar bolan infrastruktura ulanyp, bu gazy Baku–Tbilisi–Erzurum turbageçirijisi arkaly ýurdumyza ýetireris”, — diýip Baýraktar nygtady.

Ol şeýle-de uzak möhletli şertnamalar we üpjünçilik çeşmeleriniň diwersifikasiýasy strategiýasynyň Türkiýäniň energetika üpjünçiliginiň howpsuzlygyny pugtalandyrýandygyny hem-de gazy bäsdeşlige ukyply bahalar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Energetika bazaryny düzgünleşdiriş agentliginiň (EPDK) hasabatyna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda Azerbaýjan Türkiýä 9 milliard 798,4 million kub metr tebigy gaz eksport etdi. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,5% köpdür.

Häzirki wagtda Azerbaýjan Russiýadan soň Türkiýä tebigy gaz eksport edýän ikinji iň uly ýurt bolup durýar. Agentligiň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Azerbaýjan Türkiýä 11 milliard 478,4 million kub metr gaz iberdi (bu 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11,9% köpdür).

Häzirki wagtda Türkiýe «Şahdeniz» käniniň «1-nji tapgyry» we «2-nji tapgyry» boýunça çykarylýan azerbaýjan gazy bilen üpjün edilýär.

Belläp geçsek, «Abşeron» gazkondensat käniniň üstüni azerbaýjan geologlary geçen asyryň 60-njy ýyllarynda açypdylar. Kändäki gazyň umumy möçberi 350 milliard kub metr diýlip bahalandyrylýar.

2009-njy ýylda fransuz kompaniýasy “Total” bilen Azerbaýjanyň “SOCAR” kompaniýasynyň arasynda «Abşeron» käni boýunça şertnama baglaşyldy. 2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy ADNOC bilen bu käniniň işlenip taýýarlanylmagyna 30% paýyň satyn alynmagy barada ylalaşyk gazanyldy. Şertnama laýyklykda, “SOCAR” bilen “TotalEnergies” kompaniýalarynyň her biriniň paýy 35% bolup durýar.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanda 41,2 milliard manat möçberinde maýa goýumlary özleşdiriler

Azerbaýjan 2026-njy ýylda Ýewropanyň ýene iki ýurduna gaz iberip başlar

Gazagystan 2025-nji ýylda 70 milliard ABŞ dollaryndan gowrak möçberde ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýyllyk meýilnamasyny 6,7 göterim artyk ýerine ýetirdi

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi