Demokrat Zohran Mamdani geçen ýylyň noýabr aýynyň başynda geçirilen saýlawlarda gazanan ýeňşinden soň, Nýu-Ýorkuň täze häkimi hökmünde resmi taýdan kasam kabul etdi. Bu barada “Associated Press” agentligi habar berdi.
Kasam kabul ediş dabarasy Manhettendaky häkimlik binasynyň golaýyndaky “Old City Hall” metro stansiýasynda ýapyk gapylar arkaly geçdi.
Mamdani Nýu-Ýorkuň taryhynda yslam dinine uýýan ilkinji häkim boldy, şol sebäpli dabara wagtynda Gurhan ulanyldy. Kasamy Nýu-Ýork ştatynyň baş prokurory Letisiýa Jeýms kabul etdi. Wezipä girişmek dabarasynyň baýramçylyk çäreleri bilen utgaşdyrylan bölegi häkimligiň binasynyň öňünde geçiriler.
Şäheriň öňki häkimi Erik Adams Taýms-skwer meýdançasynda kasam kabul edipdi.
Nýu-Ýorkuň häkiminiň saýlawlary 2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda geçirildi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp saýlawçylary garaşsyz dalaşgär Endrýu Kuomo ses bermäge çagyrypdy.
