2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) edaralaryna başlyklyk etmek wezipesi Täjigistandan Türkmenistana geçdi diýip, TASS habar berýär.
Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aşgabat guramanyň mümkinçilikleriniň iň ýokary derejede durmuşa geçirilmegine ýardam bermegi meýilleşdirýär. Türkmenistan bu başlyklyga ähli agza döwletler tarapyndan bildirilýän hormatyň we ynamyň subutnamasy, ýurduň GDA-nyň ösmegine goşýan goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde garaýar.
Türkmenistanyň Prezidenti, şeýle hem Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyny işläp düzjekdigini habar berdi. Bu resminama döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça ýurduň iň möhüm hasaplaýan isleglerini we çemeleşmelerini özünde jemlär.
Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasydyr. Aşgabat bu guramada iň soňky gezek 2019-njy ýylda başlyklyk edipdi.
