JEMGYÝET

Milli Liderimiz dikuçarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny synlady

Balkan welaýatynda iş saparynda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokarsyndan öwrüm edip, bu ýerde alnyp barylýan işler, Hazaryň kenarynyň tebigy aýratynlyklaryny we öz çägini giňeldýän syýahatçylyk zolagynyň täze binalary, ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde bu ýerde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Milli Liderimiz dikuçardan halkara ulag geçelgesiniň gurluşygynda alnyp barylýan işleri synlady. Ýurdumyzda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýollaryň gurluşygy häzirki zamanyň ösen tejribeleri we täzeçil usullar esasynda alnyp barylýar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Awazanyň önümçilik toplumlaryny synlady. Şunda Awazanyň ýokary kuwwatly elektrik bekediniň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy Hazar deňziniň kenaryndaky önümçilikleriň, şypahana düzümleriniň, myhmanhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň baş şertini emele getirýär.

Häzirki döwürde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini berkidýän düzüme öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara giňişlikde ählumumy arabaglanyşygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna şu gezekki iş saparynda “Garabogazkarbamid” zawodynyň işiniň talabalaýyk alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meselelere hem üns berildi.

Häzirki wagtda “Garabogazkarbamid” kärhanasynda önümçiligiň depginini ýokarlandyrmak, kärhananyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň özi himiýa senagatynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyz uçuşy tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza tarap ugrady. Biraz wagtdan Milli Liderimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Ýene-de okaň

“Arkadag” toparynyň garşydaşy “Al-Nasr” 3 oýundan bäri ýeňilýär

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy

Türkmenistan-BMG: Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmek maslahatlaşyldy

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa sebiti boýunça ilkinji tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Ata Watan Eserleri