Halkara ýazyjylar birleşiginiň agzasy, «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Russiýa Federasiýasynyň medeniýetde at gazanan işgäri» diýen hormatly atlaryň eýesi Atajan Tagan aradan çykdy. Türkmen edebiýaty uly ýitgä sezewar boldy.
Atajan aga ýurdumyzyň çäginden uzaklarda-da giňden tanalýan ýazyjy. Onuň döredijiligine dünýä halklarynyň hormaty uly.
Türkmen edebiýatynyň görnükli wekillerinden Atajan Tagan barada gyzykly maglumatlary “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň web sahypasynda ozal çap edilen “Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy” atly makalasyndan hem okap bilersiňiz.
