Jaň eden ekeniňiz, eşitmändirin. Bagyşlaň! Ýaňy mekdepde şahyr Atajan Annaberdiýewe bagyşlanyp duşuşyk geçirildi. Şo ýerdedim. — diýip, yzyna jaň aýladym. Kärdeşim hal-ahwal soraşdy-da:
— O mahallar «Garagum» žurnalynyň redaksiýasynda işleýärdim. Irden işe gelip gazet-žurnallary gözden geçirip otyrdym. Atajan aganyň goşgular toplumy gazetde çap bolupdyr. Içimden «Ýassyk» atly goşgusyny okadym. Gözümden nädip ýaş syryganyny duýmadym. Ýanymda halypamyz şahyr Sona Ýazowa otyrdy. Ol:
— A gyz, näm bolýa saňa? — diýdi.
— Atajan aganyň goşgularyny okap otyryn, diýseň tolgundyrdy — diýip damagym dolup:
«Saçyň ýaýyp, irkilipsiň sen eýýäm,
Arkaýyn ýat, oturaryn ýanyňda.
Menem indi otuz dokuz ýyl bäri
mydar edýän seň ýassygyň ýarynda.
Özgelere galdyramok gabagmy,
Bolýar maňa bir seň göwnüň hoş bolsa.
Bir haýyşym: aglamagyn, turaňda,
Öz ýassygyň galan ýary boş bolsa» diýip, goşgyny gaýtadan gaty sesim bilen okadym. Sona gelneje:
— Onuň ýaly bolsa pikiriňi ýaz-da şahyra hat ýolla, begensin. Häzir ol ýarawsyz ýatyr — diýdi. Onsoň: «…Bary-ýogy iki bent goşguda dünýä ýaly giň many berip, adamlaň kalbyna giräýmek aňsat iş däl. Size mydama ýüreklerde ýaşap, bagt, söýgi hakynda döredip ýörmegiňizi arzuw edýärin. Dürnabat Aşyrowa.» diýip, ýazdym-da poçta bilen ugratdym. On bäş gün töweregi wagt geçdi. Atajan aga iş ýerime geläýipdir. Horlanyp bir gysym bolan şahyr: «Hat ýollapsyňyz, düşekde ýarawsyz ýatyrdym, ýöne göwnüm galkynyp, sag bol aýtmaga geldim» diýdi. Şol gezek kiçi göwünli uly şahyr Atajan Annaberdiýewi ilkinji gezek hemem iň soňky gezek görşüm boldy» diýip ýatlady.
Atajan agany menem ýekeje gezek ýüzbe-ýüz görüpdim. 2003-nji ýylda redaksiýada gabat geldi. Baş atyp salamlaşypdyk — diýdim-de, Dürnabada oglumyň aýdan bir pursadyny gürrüň berdim.
«Men ol goşgyny köplenç ýaşlaryň durmuş toýlarynda aýdýan. Bir gezek toýy sowup gaýtjak bolup durdum.
— Sizi şol oturan ýaşuly çagyrýar — diýip, bir oglan howludaky agaç sekiniň üstünde oturan ýaşula tarap elini uzatdy. Toý eýesiniň obadan gelen garyndaşlarynyň biri eken. Ýaşuly:
— Oglum, ýadansyňyz, kän saklajak däl. Toýy gowy sowduňyz, ömrüň bolsun, ýöne bir haýyşym bar. Ýaňky «Kaka» diýen goşgyňy ýene bir ýola aýtsana! — diýdi. Aýak üstünde duran ýerimde:
«Ir-giç gerek bolar, bilip goý şuny:
Synlap, seň kakaňa hormat goýşuňy,
seniň kimligiňe baha keserler,
Arzylarlar ýa-da yza teserler.
Bal, kakaň aňrysy seňem aňryňdyr,
Gaňrylyp bakmagyn, kakaň — Taňryňdyr.
Öwren sen kakaňa hoş söz diýmäni,
Ony ynjydanyň bolmaz imany.
Kakaň aýdanlary — kanun, hökümdir,
Çagalaň — şahaňdyr, kakaň — köküňdir» diýip goşgyny okadym. Ýaşuly gözüni ýaşlap diňledi-de:
— Ynha, «goşgy» diýip, şuň ýaly goşgulara aýtmaly. Ýaşlary terbiýelemekde okalmaly goşgy — diýip, alkyş sözlerini aýtdy. Hoşlaşyp ýöräp ugradym welin, ol ýene:
— Oglum, kyn görme-de şo goşgyňy maňa ýazybam bersene! — diýip yzymdan gygyrdy. Derrew el telefonumdan telefonuna geçirdim. Goşgynyň soňunda bolsa Atajan Annaberdiýew — diýip, şahyryň adyny buýsanç bilen ýazdym. Sebäbi beýikler özleri bilen özgelerem beýgeldýärler, eje — diýdi.
Hakykatdanam Atajan aga özboluşly ussat şahyr. Goşgularynyň dili sada, logikasy düşnükli. Çagalar üçin ýazan kitaplary-da bahar aýynda kömelek gözläp, tomsuna güzerde suwa düşünip hezil edinýän oba çagalarynyň durmuşy bilen bagly ýa-da poeziýasyndaky peýzaž, tebigat bilen adamyň ruhy baglanyşygy özüne mahsus şahyrana detallar bezelen. Onuň geçen uruş döwrüniň temasyndan ýazan goşgularyny, «Goşgulardan galan gykyndylaryny», «Goşga sygmadyk pikirlerini», degişmelerini hasam gowy görýän. Ol köptaraply zehinli halypa. 1996-njy ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap bolan «Deňiz derejesi serhet» atly goşgular ýygyndysy, 1989-njy ýylda «Magaryf» neşirýatynda kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin «Kömelekli meýdan» atly hekaýalar ýygyndysy hemem 1994-nji ýylda ýene şol neşirýatda çap bolan «Otluga siňen ýodalar» goşgular we tapmaçalar ýygyndysy, 2006-2007-nji ýyllarda şahyryň şahyr gyzy Çemen Annaberdiýewanyň şahsy arhiwi üçin çapa taýýarlamagynda «Mamam gezmäge gelende», «Çybyk at», «Ertekiden gelen gyzjagaz» atly çagalar üçin goşgular toplumy şeýle-de uly ýaşly okyjylar üçin «Goşgudan galan gykyndylar», «Atajan Annaberdiýewiň degişmeleri», «Üçleme» goşgulary aýratyn kitap görnüşinde we başga-da dürli ýaşdaky okyjylara niýetlenen birnäçe kitaplary bar. «Irde-giçde Atajan aga hakynda-da makala ýazaryn» diýip ýördüm. Ýakynda onuň 2020-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap bolan «Men oba oglany» atly kitabyny okadym. Kitabyň girişinde edebiýatçy alym Amannepes Şyhnepesowyň makalasy bar. Şol makaladaky: «Biziň pikirimizçe, ýakyn onýyllyklarda bize juda üýtgeşik, juda uly şahyry açmak döwri garaşýar» diýen ýekeje sözlem Atajan aganyň döredijiligi hakynda gyzyklanmamy artdyrdy. Şeýlelik bilen dürli ýyllardaky metbugat sahypalaryndan ol barada ýazylan makalalary okadym. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1972-nji ýylyň 1-nji ýanwar sanynda şahyr Nury Baýramow «Ilkinji ädimler» atly gysgajyk makalasynda Atajan Annaberdiýewiň döredijiligine «Ak ýol» arzuw edip: «Mundan iki-üç ýyl ozal Maksim Gorkiý adyndaky uniwersitetde fizika-matematikany tamamlan şahyryň goşgularynyň metbugatda görnüp ugranyna köp wagt geçenok. Bary-ýogy on-on bäş goşgusy peýda boldy. Ýöne şol goşgular, aýratynam «edebiýat we sungat» gazetinde çap bolan «Keýmir kör» atly liriki poemasy ýaş şahyryň geljegine umyt döretdi.

Atajan matematikadan sapak berýär. Onuň aýdýan aýdymlary wagtal-wagtal radio arkaly eşitdirilip durulýar. Dogrusy, ol köp zat bilen gyzyklanýar. Ýöne onuň poeziýa bolan söýgüsi has güýçli, has yhlasly. Atajan, poeziýa meýdanyndaky ädimleriň şowly bolsun, işiň rowaç! Täze ýyl saňa täze üstünlikler getirsin!» diýip ýazypdyr.
Atajan aganyň akkordeon saz guralyny ussatlyk bilen çalyp aýdym aýdýandygyny metbugat sahypalaryndan okamsoň bilýän. Bu barada kärdeşlerem gürrüň beripdiler. Ýöne onuň aýdan aýdymlarynyň ýazgysyny entek radiodan diňläp görmedim. Belkäm, radionyň aýdym-saz hazynasynda häzirem arhiw ýazgylary bardyr, bilmedim?
Ynha, saralyp giden gazet sahypalarynyň ýene biri. «Ýaş kommunist» gazetiniň 1990-njy ýylyň 24-nji mart sanynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň: «Atajan Annaberdiýewe hat» atly makalasyna gabat geldim. Türkmeniň beýik şahyrlarynyň biri Berdinazar aga näme ýazdyka? — diýip, makalany uly gyzyklanma bilen okadym hemem käbir bölegini göçürip aldym.

«Hormatly Atajan! Seniň şygryýet dünýäňde maňa ýakyn zatlaryň köpdügini aýdasym gelýär. Ýok, bu diňe geçen uruş temasyna degişli goşgularyňda däl, eýsem, aslynda tebigata bolan garaýyşlaryňda, oňa bolan perzentlik söýgiňde oňa ylhamyň çogup çykýan çeşmesi hökmünde bagryňy oýkaýanlygyňda-da ýüze çykýar. Ajaýyp setirler diňe inçe duýgulardan döreýär. Diňe sowuk akyldan gyzgyn duýga geçende goşgy goşgy bolýar. Şahyrana obrazyň juda jüpüne düşen bir mysalyny seniň hut tebigaty suratlandyrýan «Ýaşlygyň bir bahary» diýen goşgyňda gördüm» diýip, şol goşgynyň bir bendi bilen pikirini düşündirýär. Ol: «Seniň döredijiligiň meni öňräkden bäri imrindirýär. Näme üçindir, seniň goşgularyň maňa bütinleý başga zatlar hakynda oýlanmaga, meselem, ýyllar geçip, seniň ýaşyň bir çene baranda şindiki içinden pyýada ýöräp geçýän mähriban meýdanlaryň bir gyrasynda durup, üstünden towsup geçýän ýaplaryň raýşyna çykyp gözüňe ýaş aýlamak derejesine çenli baryp ýetjekdigiňe ynanmaga esas berýär. Dörediji adamyň häsiýeti ýazýan zatlarynda ýüze çykýar diýilýän kesgitlemäniň jany bar bolara çemli. Men seniň duýgularyňda galplyk ýokdugyna begenýän. Sen jadyly ertekileri diňlemedik bolsaň, olara çagalyk ýüregiň bilen aňk bolmadyk bolsaň hyýalyňa beýle zatlary getirip bilmezdiň. Seniň goşgularyň birinde «bagtly boljak bolsaň — ilki başga birini bagtly et» diýen setir bar. Seniň dogry şahyrana ýörelgä düşendigiňe öňräk göz ýetiripdim.Ýörelge diýýänim — pozisiýa. Indi bu kitabyňda başga-da bir ýakymly ýagdaý — Wagtyň akymyna has goýazy pähim-paýhas bilen syn edýändigiňi duýýaryn. Bu juda zerur» diýip baha berýär.
Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Mollanepes adyndaky baýragynyň, «Watana bolan söýgüsi üçin» hem-de «Gaýrat» medallarynyň eýesi Atajan Annaberdiýewiň täze 2026-njy ýylda doglan gününiň segsen ýyllygy. Ol 1946-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Murgap etrabynyň öňki Gökdepe häzirki Çäçdepe obasynda doglan. 2006-njy ýylyň 26-njy awgustynda-da bakyýete göç etdi. Jaýy jennet bolsun! Başardygymdan ýatlamak isledim.
Şu ýerde «Çydamlydyr ogluň eje, göwünleri awlaryn, ejizlesem ir-giç gelip seň gapyňda aglaryn» diýip, mähriban ejesine wada berýän oba oglanyny gaýygy orta ýolda goýup, ryswa etmejekdigi hak» diýip, Atajan Annaberdiýewiň döredijiligine bagyşlap şahyr Gurbandurdy Orazowyň 1989-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda «Murgap» gazetinde çap bolan «Ganmarsyň sen owazymdan saýrasam» atly makalasyndan käbir bölekleri okyjylara ýetirmekçi: «Atajan Annaberdiýewiň «Türkmenistan» neşirýatynda ýakynda çapdan çykan «Çydamyň çägi» (bu kitap şahyr Amandurdy Annadurdyýewiň «Zer ýapraklar» atly kitaby bilen bir kitapda çykarylypdyr.) Bu kitap Atajanyň ilkinji «Bugdaýly meýdan» atly goşgular ýygyndysyndan tegelek alty ýyldan soň çykypdyr. Eýsem Atajan Annaberdiýewiň döredijiliginde göze dürtülip duran aýratynlyk nämekä?! Bir söz bilen aýdanyňda, sözüň doly hem giňişleýin çuň manysyndaky lirika — diýip, makalanyň awtory şahyryň birnäçe goşgy setirlerinden mysal getirip delillendirýär. Ol: «Lirika goşgy — kalbyň howsalaly gussasyny dil bilen beýan edýän saz ýaly bir zatdyr. Atajanyň goşgularynda şol sazy duýmak, eşitmek bolýar. Atajan «Zar kalp», «del duýgy», «gaýzygan güýz», «ýüpeksi gussa» ýaly aňlatmalardan başga-da, tas hatardan çykarylan «güzaý», «ýapboýy», «şüweleň» ýaly sözleri ulanýar welin jüpüne düşýär duruberýär. Bu aýdylanlara ýene nämeler goşup bolar? Goşgularynda ýiti synçylyk bilen inçe duýgy bar. Eduard Meželaýtis ermeni şahyry Sewagyň döredijiligi barada ýazanda «Poeziýa onuň üçin pasport, terjimehalynyň anketasy» diýip ýazdy. Eýsem, Atajanyň goşgulary bu aýdylanlara gabat gelýärmi?! Onuň goşgularyny okanyňda şahyryň «Bir maýyp esgerden dörän on çaganyň ulusydygyna», çagalygynyň urşuň sähel salym soň ýanlarynda o diýen bol-telkilik, elpe-şelpelik bolmadyk «çagalaryň agynap kenaryň çägelerine açlygyň derdini unutjak bolýan» ýyllaryna gabat gelendigini, şahyryň çagalygynyň gadymy Murgabyň — «Derýa boýundaky gök ot ülpüldeýän gülleriniň gar ýaly uçganaklaşyp ýagýan», «güllän igdäň ysy gelýän», «gaçyp galan ýüpe meňzeýän ýodajyklaryň» uzaýan ýerinde geçendigini aňmak bolýar» diýip baha berýär.
Arada halypa žurnalist Atamyrat Şagulyýew bilen jaňlaşyp Atajan aga bilen bagly ýatlamalaryny diňledim. Ol:
— Geçen asyryň ahyrlarynda etrap, welaýat, käte bolsa merkezi gazetlerde goşgularym çap edilerdi. Bir sapar «Ýaşlyk» žurnalynda goşgular toplumym çap boldy. Ony okanlar gutladylar, bir şahyr bolsa «Eliňi gysaýyn diýdim» diýip ýörite öýüme geldi. Goşgularyny okap ýören tanymal şahyrymyzyň manysy gatybir dok bolmadyk setirlerim üçin ýöriteläp öýümize gelmegi juda tolgundyrdy. Ol şonda:
Ugradaýyn seni uzak ýollara,
Ýöne bolar bu söýginiň dowamy.
Hem-ä seň gözüňde hemem derýada,
Uzaklarda ýitip barýa o gämi…
— Meňzetmäni gowy ulanypsyň. Ine, menem bir goşgymda şeýle diýýän:
Damjalar çümmükläp görýär,
Akar ýabyň mele suwny. Meňzetme göz öňüne getirmäge, okyjyň ýadynda galmaga täsir edýär. Indem täze ýazanlaryňy ber. Soň bir gün duşuşarys — diýdi.

Men bäş-alty goşgymy bersemem berdim welin, olara heniz göwnüm ýetip baranokdy. Bir hepdä golaý wagt geçensoň, şahyr bilen gabatlaşdyk. Ol az-kem dyz epip, şeýle diýdi:
— Ýakyn wagtda gazetleň birine bir zat ýazmakçy, many çykar, yhlas bilen işle. Galan zatlary şonda aýdaryn.
Birnäçe aýdan soň goşgularym «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edildi. Döredijiligime ak pata beren şahyr şeýle sözleri ýazypdyr: «Rubsow döredijilik bilen meşgullanyp, Günüň haçan dogup, haçan batýanyny bilmez ekeni. Şeýdip işle. Poeziýa ýaýdanjaňlyk bilen däl-de, biliňi berk guşap gelmeli».
Aý aýlandy, ýyl ötdi. Poeziýa biziň güýjümiziň ýeterinden ýokarydygyny görkezdi. Şeýle günleriň birinde ol şahyr bilen paýtagtda gabatlaşdyk. Şonda ol:
— Ýene bir ýola eliňi gysaýyn — diýip ýördüm, mazaly sataşaýdyň. Öz güýjüň ýetmejek ugrundan wagtynda birýana sowulmagam her kimiň başarýan zady däl. Poeziýa uly hormat goýýar ekeniň — diýdi.
Ol ençeme zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam eden, halypa şahyr Atajan Annaberdiýewdi — diýip gürrüň berdi. Soňra-da ol: — Atajan aga Nobel baýragynyň eýesi, dünýä belli ýazyjy Mihail Aleksandrowiç Şolohowyň öýünde myhmançylykda bolupdyr. Bu barada özi gürrüň beripdi. Onsoň men «Şolohowlaryň öýünde» at bilen makala ýazdym. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap bolupdy — diýip elektron ýazgysyny berdi. Käbir ýerlerini gysgaldyp makalamyza goşduk.
«Atajan aga bilen döredijilik gatnaşygynda bolamsoň, talyp ýyllarym oba gelenimde onuň bilen salama sataşardyk. Her sapar duşuşanymyzda döredijilik adamlarynyň durmuşy bilen bagly täsin gürrüňleri bererdi. 1983-nji ýylyň tomus aýlarynyň bir günüdi. Öýlerine bardym. Ol ýakynda uzak ýoldan gelendigini aýdyp, şu wakany gürrüň berdi.
— Aýyň başynda üç bolup obadan Moskwa dynç almaga gitdik. Dynç alşymda-da öz maksadym bardy. Onsoň ýanymdaky ýoldaşlaryma: «Garşy bolmasaňyz, sizden galaýyn» diýip, belli ýazyjy Mihail Şolohowy görmek arzuwymyň bardygyny aýtdym. Ýoldaşlarym giň düşünjeli, intelligent adamlardy, pikirimi oňladylar. Moskwanyň Ýazyjylar öýüne jaň aýladym. Şolohowyň birnäçe aý bäri Rostowdadygyny aýtdylar. Onsoň Moskwadan Don boýundaky Rostowa tarap ýola düşdüm. Ençe menzil ýol geçip, bag-bakjaly Rostowa bardym. Ol ýerde maňa Şolohowyň ýaşaýan Kružilino obasyny salgy berdiler. Salgysyny alyp, Weşenskaýa stansiýasynyň üsti bilen ýazyjynyň obasyny tapdym. Don boýundan uzalyp gidýän Kružilino obasy ýaşyl baglyga bürenip otyrdy. Oba diýseň asudady. Agaçdan gurlan hatar-hatar jaýlarda, uly bolmadyk köçelerden öz işi bilen barýan adamlarda nazarym eglendi. Bir ýigit papagyny çümre geýip, çeňňeklerini welosipedine gysdyryp, balyk tutmaga barýan bolsa, ýene bir aýal eli çybykly owlakly geçisini öňüne salyp otlatmaga barýardy. Egni ak köýnekli, bili guşalgy, başy sugir bagana telpekli, aýagy ädikli bir murtlak agajet adam bolsa sapy uzyn egri ors oragyny egninde göterip, ot ormaga barýardy. Uzaklarda bolsa-da ýanyňda ýaly bolup görünýän ýaýlyp ýatan meýdandan bolsa, işläp ýören zenanlardyr erkek adamlaryň garym-gatyşykly şadyýan sesleri eşidilýärdi. Kružilino Şolohowyň ata-babasynyň ömür süren obasy eken. Ýazyjy kämahal dogduk obasyna gelip, birnäçe aý ýaşap gider eken. Maňa Şolohowlaryň öýüni tapmak kyn düşmedi. Obanyň orta gürpündäki daşyna haýat aýlanan howly bada-bat ünsümi özüne çekdi. Howlynyň daşyny saýaly agaçlar gurşap otyrdy. Derwezäniň ýanaşyk gapdalyndaky gapynyň düwmesini basdym. Kän garaşmaly bolmadym, gapy açylyp aňyrdan gelen başy ak ýaglykly, bili ak fartukly sarymeňiz zenan meň bilen mähirli salamlaşdy. Ýörite ýazyjyny görmäge gelendigimi aýtdym. Zenan sypaýyçylyk bilen:
— Mihail Aleksandrowiç birnäçe gün bäri ýaraman ýatyr. Edil häzir biynjalyk edip bilemzok…— diýdi. Oňaýsyz halda:
— Uzak ilden gelipdim-dä…— diýip, görşüp bilmän gaýtmaly boljakdygyma gynanýandygymy aňdyrdym. Zenan ýüzüme hoşamaýlyk bilen garady-da:
— Siz biraz garaşyň! Megerem, siz ýazyjy bolmaly?
— Hawa, güneşli Türkmenistandan. Şolohowyň döredýän eserleriniň aşygy — diýdim.
Zenan meni kazak myhmansöýerligi bilen howla giräýen ýeriňdäki uly bolmadyk aýratyn jaýyň bir otagynda ýerleşdirdi. Howly giňdi, aňyrda esasy uly jaý hem-de ýene şular ýaly aýratyn gurlan pessejikden uzyn jaý bardy. Megerem, Şolohow şol ýerde bolýan bolmaga çemeli. Otagda ýerleşemsoň, kalbymy täsin duýgular gaplap aldy. Özümi Şolohowyň eserleriniň gahrymanlaryna golaý ýaly duýdum. Ýazyjynyň «Ýuwaş Don» romanynyň gahrymany Grigoriý Melehowyň, «Adamyň ykbaly» hekaýasyndaky Andreý Sokolowyň keşbi göz öňümde janlanyp, göýä, hyýalymda olar bilen duşuşaýjak ýalydym. Öý bikesi hödür-kerem edip, habar alyp durdy. Bolýan otagymyň diwarynda Şolohowyň ýaşlyk ýyllarynda düşen suraty asylgy durdy. Türkmenleriňkä meňzeş ak ezýaka köýnekli, başy tüýi gytyk çüriräk milli bagana telpekli, murty ýüzüne gelşik berip duran ýigit suratda gyýa bakyp otyrdy. Megerem, ol şol mahal ýigrimi bäş ýaş töwereginde bolsa gerek. Belent ýazyjy, nähili zähmetsöýer adam! Bütin ömrüni edebiýata bagyş edenleriň biri. Ony dünýä ýüzi tanaýar. Men onuň öýündeligime ynanyp bilemokdym, ýöne bu kalba şatlyk berýän durmuş hakykatydy.
Şol gün gijämi dürli oýlara batyp geçirdim. Ertesi ir säher bilen oýanyp, öýläne çenli otagdan çykman ýazgy-pozgularyma güýmendim. Ikindin uçurlary obany synlamak üçin öý bikesini habardar edip, az salym gezim etdim. Oba diýseň asudady. Işjanly adamlar öz işleri bilen başagaý bolşup ýördüler. Uzaklardan bugdaýy orlan meýdanyň tagamly ysy gelýärdi. Uly bir zehini dünýä beren oba meniň üçin diýseň mähribandy.
Bolýan otagymyň bir diwary durşuna kitap bolup duransoň, öý bikesi: «Ol kitaplar bilen güýmeniberiň!» diýýärdi. Olaryň köpüsi ýazyjynyň dört kitapdan ybarat «Ýuwaş Don» epopeýasydy. «Göterilen tarp», «Olar Watan üçin söweşdiler», «Günortada», «Don hekaýalary», «Lazrew sährasy» romanlarynyň dürli dillerde neşir edilen kitaplary-da, giden bir wakalary özünde jemläp durdy.
Ýazyjy bilen duşuşan günüm has-da tolgundyryjy boldy. Şol gün wagt günorta sanandan soň nahar edinip, az-kem Don boýuna gezim etmäge çykdym. Kazak obalaryny ikiýana bölüp akyp ýatan Don derýasy diýseň imisalady. Ol ýazyjynyň öýünden gatybir uzak däldi. Derýanyň parahat akyp ýatyşyny synlap, ýazyjynyň eseriniň adynyň derýanyň häsiýetine diýseň kybap gelendigine göz ýetirdim. Derýanyň kenarynda ýogyn-ýogyn sütünleri suwa çümüp gidýän köpri pisint bir desga bardy. Ol derýanyň içine tarap esli metr aňyrlygyna gidýärdi. Şol tagta köprüden akyp ýatan derýany synlamak aýratyn täsirlidi. Iki goşarymy köpriniň biliňe ýetip duran tagta sekisinde gowşuryp, kellämi aşak egip derýany synlap durdum. Birden yz ýanymdan biriniň gelip özüme: «Salamaleýkum!» diýen sesini eşitdim. Yzyma öwrülsem, Mihail Aleksandrowiç duran bolsa nätjek! Ençe sapar suratlaryny kitapda, telewideniýede gören söýgüli ýazyjym, sadaja egin-eşikli, güler ýüzli Şolohow alnymda dur! Gadyrly salamlaşdyk. Näçe tolgunsamam ýazyjynyň diýseň parahatlygynyň täsiri bilen özümi kem-kemden ele aldym. Ol ilki bilen özüniň garaşdyrmaly bolanyna ötünç sorady, soňam gadyr bilen öýüne alyp gaýtdy. Giň dünýägaraýyşly ýazyjynyň öýünde esasy söhbedimiz edebiýat, döredijilik hakynda boldy. Ol Magtymgulynyň Tarkowskiý tarapyndan rus diline geçirilen goşgularyny höwes bilen okaýandygyny aýtdy. Berdi Kerbabaýew bilen birnäçe gezek duz-emek bolandygyny, şahyr Anna Kowusowy, ýazyjy Atajan Tagany ýakyndan tanaýandygyny gürrüň berdi. Ýazyja Atda Badaýewiň «Ýuwaş Don» romanynyň üç kitabyny, Berdi Kerbabaýewiň «Göterilen tarp» romanyny terjime edip, türkmen okyjylaryna ýetirendigini gürrüň berdim. Ol terjimeçilik işiniň abyrsyz zähmeti talap edýändigini aýdyp, terjimeçilere hoşallygyny bildirdi. Gaýtjak mahalym türkmen dilinde bolsa-da, beýik akyldarymyzyň eseri beýik ýazyjynyň öýünde ýadygärlik galsyn diýip, oňa Magtymguly Pyragynyň 1977-nji ýylda çap edilen kitabyny sowgat berdim. Ol bolsa «Kazaklar» diýen eserini sowgat berdi. Bu duşuşykdan maňa ömrüme ýetjek ýatlamalar galdy».
Atajan aga hakynda şunuň ýaly gyzykly ýatlamalar kän, ýöne hemmesini bir makala ýerleşdirmek mümkin däl. Şu pursat onuň «Goşga sygmadyk setirlerinden» käbiri ýadyma düşdi: «Diňe ykrar etdirilen beýiklik hakykydyr», «Çagalygymyň hor-homsy günlerini hem garrylygymyň eşretli günleri bilen çalyşjak däl», «Diňe ýagşylyk eden däl, ýamanlyk eden bilen hem hasaplaşylýar», «Göwnelmän edilen iş hem keşdiň çekmän iýlen nahar ýalydyr», «Durmuşyň ýagtylygy-garaňkylygy ýaşaýşyň derejesine bagly», «Hemmesine özüm günäkär» diýmegi diňe mert adam başarýar. «Ýola öwrülmedik ýoda ýitmek bilen bolýar». Görşümiz ýaly şunuň ýaly gysgajyk jümleleriniň özünde gör, nähili uly pikirler bar. Olaryň her biri hakynda giňişleýin makala ýazyp boljak. Esasy ýeri şahyry ýagşylykda ýatladyk. Ruhy şat bolsun, halypanyň! Yzynda galan maşgala agzalaryna agzybirlik, jan saglyk, uzak ömür, işlerinde uly üstünlikler arzuwlaýarys. Makalamyzyň ahyrynda okyjylary şahyryň maşgala durmuşy bilenem gysgajyk tanyşdyrýarys. Şahyr maşgalasy Gurbanjemal gelneje bilen obadaş, klasdaş, kursdaş hem kärdeş. Bularyň iki ogul, iki gyz perzentlerinden on iki agtygy, çowlugy bar. Nesil dowamatynyň ojaklary abat bolsun!
Akgül Saparowa

