DÜNÝÄ

Türkmenistan-Hindistan: atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Geldinazarowyň we Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň Ösüş we sport boýunça wise-prezidenti Sarpartap Singiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi Türkmenistanda Ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrynda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylandygyny belläp, bu şygaryň astynda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli çäreleriň, şol sanda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini aýtdy.

Sarpartap Singh Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň alyp barýan işi bilen tanyşdyryp, atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi