MEDENIÝET

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

O.Hojanazarow pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu barada Ministrler Kabinetini[ giňişleýin mejlisinde degişli karar kabul edildi.

Bu wezipä P.Kakabaýew bellenilip, ol «Arkadag» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bolsa K.Nepesow bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminamalara mejlisiň dowamynda gol çekdi.

Related posts

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar

Gazagystanda we Gyrgyzystanda Magtymgula bagyşlanan dokumental filmler düşürilýär

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ýazyjylarynyň Andijandaky duşuşygy