SPORT

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

19-dan 20-nji dekabra geçilýän gije ABŞ-nyň Maýami şäherindäki «Kaseýa Center» arenasynda boks ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy tutluşygynda Jeýk Pol bilen öňki dünýä çempiony Entoni Joşuanyň arasyndaky duşuşyk boldy.

Duşuşykda ýeňiş gazanan Joşua bloger garşydaşyny altynjy raundda nokaut etdi. Emin nobatdaky nokdaunlardan soň tutluşygy togtatdy.

Ozalky çempion Entoni Joşua tutuş boks tutluşygynyň dowamynda ynamly çykyş etdi we birnäçe nokdaunlardan soň altynjy raundda bloger-boksçy Jeýk Poly nokauta ugratdy.

36 ýaşly Joşua professional ringde 29 ýeňiş gazandy (şolaryň 26-sy nokaut bilen) we dört gezek ýeňildi. 28 ýaşly Poluň hasabynda 12 ýeňiş we 2 ýeňliş bar.

Related posts

Feliks “Çelsi” toparynda kärendesinde oýnar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy geçiriler

Maradonanyň köýnekçesi satyldy