Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallar üçin jogapkärçilikli we synagly günleriň biri bolup biler. Işleriňiziň gidişinde meýilleşdirilmedik ýagdaýlar ýüze çykmagy mümkin, şonuň üçin seresaplylygy saklamak örän möhümdir. Duýgulara berilmezden, ýagdaýlara paýhas bilen çemeleşmek üstünlik gazandyrar.Günüň ikinji ýarymynda maliýe meselelerinde howlukmaç karar bermekden saklanyň, ähli hasaplamalary öňünden barlaň. Maşgala gatnaşyklarynda bolsa düşünişmek we goldaw güýçlener.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlar üçin bu gün sabyrlylygyň we durnuklylygyň synag edilýän wagtydyr. Iş ýeriňizde ýüze çykyp biljek ownuk düşünişmezlikler siziň paýhasly çemeleşmegiňiz bilen tiz çözüler. Geljek baradaky meýilnamalaryňyzy täzeden gözden geçirmek peýdaly bolar. Şahsy durmuşda ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary berkitmek üçin amatly pursatdyr.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün Jowzalar üçin maglumat alyşmak we aragatnaşyklar aýratyn ähmiýete eýe bolar. Täze habarlar ýa-da teklipler geljek üçin peýdaly mümkinçilikleri açyp biler. Işde duşuşyklar we gepleşikler üstünlikli geçer. Şeýle-de bolsa, möhüm wadalary bermekden öň ýagdaýlary doly seljermek maslahat berilýär. Şahsy durmuşda açyk gürrüňdeşlik oňyn täsir eder.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanlar üçin bu gün duýgular has güýçli bolup biler. Içki dünýäňiz bilen sazlaşygy tapmak we ruhy dynç almak möhümdir. Iş ýeriňizde öň başlanan meseleleriňizi tertipli ýagdaýda tamamlamak size ýeňillik berer.Günüň ikinji ýarymynda maşgala agzalaryňyz bilen gatnaşyklarda mähir-muhabbet artar, bu bolsa ruhy durnuklylygyňyzy üpjün eder.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleler üçin bu gün tertip-düzgüni saklamak we meýilnamalary takyk ýerine ýetirmek aýratyn ähmiýete eýedir. Ownuk jikme-jikliklere üns bermek bilen möhüm meseleleri üstünlikli çözüp bilersiňiz. Saglygyňyza üns bermegi hem ýatdan çykarman.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Mizanlar üçin bu gün deňagramlylygy saklamak esasy wezipedir. Kararlary kabul edeniňizde ähli taraplary göz öňünde tutuň we howlukmaň. Dostlar bilen duşuşyklar we gürrüňdeşlikler ruhy ýagdaýyňyza oňyn täsir eder. Maliýe meselelerinde tygşytlylyk saklamak peýdaly bolar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Akrap ýyldyzlylar bu gün güýçli we maksada okunlulyk bilen tapawutlanarlar. Kyn meseleleri çözmekde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, duýgularyňyzy gözegçilikde saklamak we artykmaç dartgynlylykdan gaça durmak möhümdir. Şahsy gatnaşyklarda ynam we açyklyk ileri tutulmalydyr.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Kowuslar üçin bu gün täze pikirleriň we meýilnamalaryň döreýän wagtydyr. Okuw, syýahat ýa-da döredijilik bilen bagly işler üstünlikli bolup biler. Iş ýeriňizde täze başlangyçlar üçin amatly şertler dörediler.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler üçin bu gün jogapkärçilikli meseleleriniň öň plana çykýan wagtydyr. Zähmetiňiz we yhlasyňyz ýokary bahalara eýe bolar. Günüň ikinji ýarymynda uzak möhletli meýilnamalar barada çuňňur pikirlenmek we anyk maksadyňyzy kesgitlemek peýdaly bolar. Şahsy durmuşda durnuklylyk we düşünişmek saklanar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlar üçin bu gün garaşylmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy mümkin, emma siz olara çalt uýgunlaşyp bilersiňiz. Dostlaryň we hyzmatdaşlaryň goldawy möhüm rol oýnar. Täze başlangyçlar we innowasion pikirler üçin amatly pursatdyr. Maliýe meselelerinde bolsa seresaply bolmak maslahat berilýär.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hutlar üçin bu gün duýgurlygyň we döredijiligiň artýan wagtydyr. Sungat, ýazuw ýa-da döredijilik bilen bagly işler ruhy kanagatlanma getirer. Işde tertip-düzgüni saklamak we borçlary wagtynda ýerine ýetirmek üstünlik gazandyrar. Ýakynlaryňyz bilen mähirli gatnaşyklary berkitmek size ruhy rahatlyk berer.
