DÜNÝÄ

Täjigistanyň ilaty soňky 10 ýylda 26 göterim artdy

Soňky 10 ýylda Täjigistanyň ilaty 26 göterim artdy we ilatyň sany 10,7 million adama ýetdi. Bu barada Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon ýurduň parlamentine eden ýyllyk ýüzlenmesinde belläp geçdi.

Respublikanyň Baştutany soňky 10 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen, 2030-njy ýyla çenli Milli ösüş strategiýasynyň tapgyrlaýyn ýerine ýetirilişini öz içine alýan iki gysga möhletli maksatnamanyň netijelerini beýan etdi. Bu maksatnamalar strategik maksatlara ýetmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak we ýaşaýyş hilini gowulandyrmak maksady bilen amala aşyryldy.

Netijede, jemi içerki önüm (JİÖ) 3,4 esse artdy, milli ykdysadyýetiň ösüş depgini bolsa her ýyl ortaça 7,6% boldy. Bu döwürde adam başyna düşýän JİÖ 2,7 esse ýokarlanyp, 6 müň somoniden 16,1 müň somonä çenli artdy (653 – 1752 ABŞ dollary), garyplyk derejesi bolsa 19%-e çenli peseldi.

«Ýurduň ilaty 2015-nji ýylda 8,5 million adamdan 2025-nji ýylda 10,7 million adama çenli artdy, ýagny 26 göterim köpeldi. Şeýle-de ilatyň ortaça ömür dowamlylygy 70 ýaşdan 77 ýaşa ýetdi», – diýip Emomali Rahmon aýtdy.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk