JEMGYÝET

Tokioda ilkinji gezek “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” sammiti geçiriler

19–20-nji dekabr aralygynda Tokioda ilkinji gezek döwlet Baştutanlarynyň derejesinde geçiriljek “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogy sammiti geçiriler.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistanyň Prezidentleri bilen duşuşyk arkaly üpjünçilik zynjyrlaryny has-da berkitmek maksady bilen baý tebigy serişdelerine eýe bolan bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär.

Alty taraplaýyn sammit 2004-nji ýylda Tokio tarapyndan başlanan “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialog başlangyjynyň çäginde geçiriler.

Sammitiň çäklerinde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” işewürlik forumyny gurar.

Şeýle-de Premýer-ministr Takaiti Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, halkara gün tertibini we beýleki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Related posts

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Frıg Jülgelerıne Tarap Ultra Ýöriş

vepa

Türkmenistana gelmegiň çäklendirme möhleti

Ata Watan Eserleri