Ispaniýanyň Moskwadaky ilçisi jenap Rikardo Martineziň ýolbaşçylygynda wekiliýet Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri bilen duşuşdylar.
Duşuşykda jenap ilçi türkmen tarapy ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady hem-de mähirli garşylama üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda daşky gurşawy goramak, çölleşmä garşy göreşmek, hem-de plastik zyňyndylar boýunça ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň BMG-nyň assambleýasynda öňe süren Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar biri birlerine minnetdarlyklaryny bildirdiler.
