Şu günler paýtagtymyz Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçirilýär.
Şol dabaralaryň çäklerinde Aşgabadyň günorta künjeginde bina edilen “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” atly bina açylyp ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.
“Bitaraplygyň 30 ýyllygy” atly binanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň daşary ýurtdaky ilçileri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, daşary ýurtlardan gelen myhmanlar, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda – San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa, Mýanmanyň Premýer-ministri Nýu So, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirliogly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa we beýlekiler bar.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işle rministri Raşid Meredow çykyş etdi.
Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy hem-de hut özüniň degerli maslahatlary bilen “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň gurlandygy we onuň parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynanayşmagyň nyşany bolup durýandygyny bellediler.
“Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasy Türkmenistanyň we BMG-niň baýdaklaryny, şeýle hem onuň daş-töweregini gurşap alan BMG-niň düzümine görýän dünýä döwletleriniň 193-üniň baýdaklaryndan ybaratdyr.
Dabarada Türkmenistanyň hem-de BMG-niň baýdaklary dabaraly ýagdaýda galdyryldy.
