Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine sapary amala aşyrdy.
Katarda geçirilen Doha forumyna gatnaşan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
KATARYŇ BILIM WE ÝOKARY BILIM MINISTRI BILEN DUŞUŞYK
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa saparyň çäklerinde Katar Döwletiniň bilim we ýokary bilim ministri Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater bilen duşuşdy.
Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, halklarymyzyň geljegi üçin möhüm ähmiýeti bolan meseleleri — çagalaryň abadançylygyny we olaryň ösüşinde bilimiň ornuny ara alyp maslahatlaşmak maksadynda Oguljahan Atabaýewa bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Gaznanyň wise-prezidenti duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda, şol sanda bilim ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ähli derejelerde bilimi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamyna sanly we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň bilim edaralary döwrebap multimedia we beýleki zerur enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Oguljahan Atabaýewa gaznanyň tejribe alyşmaga we çagalaryň abadançylygy üçin islendik netijeli başlangyçlara açykdygyny tassyklady hem-de pursatdan peýdalanyp, katar tarapyny şu ýylyň 10-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata çagyrdy.
Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater çakylyk üçin hoşallyk bildirip, haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer işine ýokary baha berdi hem-de şu günki duşuşygyň çagalaryň röwşen geljegini üpjün etmäge gönükdirilen uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
KATAR GAZNASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser bilen duşuşdy.
Şeýha Moza bint Naser Oguljahan Atabaýewany mähirli mübärekläp, Katarda Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini belledi hem-de türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň bu gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ösüp gelýän ýaş nesle, hususan-da, ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen, çylşyrymly durmuş ýagdaýyna sezewar bolan çagalara lukmançylyk we durmuş kömegini berýär. Şeýle hem gazna halkara derejedäki ynsanperwerlik işine aýratyn ähmiýet berýär. Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Russiýadaky, Türkiýedäki, Owganystandaky, Palestinadaky, Täjigistandaky we beýleki ýurtlardaky çagalara ynsanperwerlik kömegi iberildi. Şu ýyl bolsa gaznanyň halkara işi täze derejä çykarylyp, bu işi dünýäniň ähli çagalarynyň bähbidine gönükdirmek mümkinçiligine seredilýär.
Oguljahan Atabaýewa Katar gaznasynyň bilim ulgamyndaky taslamalaryna ýokary baha berip, bilimiň we ylmyň jemgyýet ösüşiniň esasy binýady bolup durýandygyny, şoňa görä-de, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu ugurdaky tekliplere we başlangyçlara açykdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň wekiliýetini şu ýylyň 10-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata çagyrdy.
Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser çakylyk üçin hoşallyk bildirip, gender deňliginiň üpjün edilmeginiň durnukly ösýän jemgyýetiň esasy alamatlarynyň biridigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa we Şeýha Moza bint Naser çagalaryň bähbidine netijeli dialogy dowam etmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Kataryň “Sidra” saglyk merkezine hem baryp gördi.
