JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň iň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy – “Oliý Darajali Dustlik” ordeni bilen sylaglandy.

Bu döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşuran Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň iki doganlyk halkyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmtdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly hyzmatlary bitirendigini aýtdy.

– Doganlyk Türkmenistanyň halkara giňişliginde gazanan ägirt uly üstünlikleri, giň gerimli özgertmeleri hem-de abraýynyň belende galmagy Siziň adyňyz bilen berk baglanyşyklydyr – diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi.

Özbek Lideri Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilendigini, ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Özbegistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideriniň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.

– Siziň şahsy goşandyňyz bilen 2017-nji ýylda biziň döwletlerimiziň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň berk binýady goýuldy – diýip bellän Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň arasyndaky ähli ugurlardaky gatnaşyklaryň okgunly ösüşine uly kanagatlanma bildirip, soňky ýyllarda özara söwdanyň möçberi birnäçe esse artyp, 1 milliard dollardan geçendigini belledi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen başlylykda, Aşgabatda we Daşkentde Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysynyň özbek dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi, şeýle hem Aşgabatdaky halkara kino festiwalda türkmen-özbek bilelikdäki çeper filmiň görkezilişi guraldy.

Özbegistanyň ýokary döwlet sylagynyň gowşurylmagy köp milletli özbek halkynyň Gurbanguly Berdimuhamedowy ajaýyp döwlet işgäri, Milli Lider hem-de häzirki zaman Türkmenistanyň gurujysy hökmünde uly sarpa goýýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýram namazyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşinde Arkadag şäherine wekilçilk eder

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär

Ata Watan Eserleri