PEÝDALY MASLAHAT

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar

2025-nji ýylyň 15-nji maýyndan başlap Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar. Bu awtobus ugry «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurnalýar.

Şäherara awtobus ugry boýunça biletleri öňünden – gatnawyň açylmagyna 10 gün galanda satyn alyp bolar. Ýolagçylar üçin amatly bolar ýaly biletleriň satuwynda onlaýn-hyzmaty elýeterli bolar – biletleriň satuwy «Awtomobil ulag hyzmaty» resmi saýtynda (auh.com.tm) we «Şäherara bilet» ykjam goşundysynda, şeýle hem Aşgabadyň halkara awtomenzilinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» söwda merkezinde amala aşyrylar.

Şäherara awtobus gatnawynyň tertibi we biletleri öňünden sargyt etmek baradaky goşmaça maglumatlary (+993 12) 44-35-30/31 we 44-35-20 telefon belgileri boýunça jaň edip, maglumat gullugyndan alyp bilersiňiz.

Related posts

Diplomy ykrar edilýän halkara okuw jaýlarynyň sanawy

Ata Watan Eserleri

Taryhy dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi