JEMGYÝET

Türkiýäniň bilim ministri Aşgabada geldi

Türkiýe Respublikasynyň milli bilim ministri Ýusuf Tekiniň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýeti Aşgabada sapar bilen geldi. Saparyň maksady Aşgabatda geçirilýän mekdep okuwçylarynyň arasyndaky II halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmakdan we ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmekden ybarat boldy.

Türkiýäniň bilim ministri saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa bilen duşuşar. Oňa Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew hem gatnaşar.

Şu gün Türkiýäniň bilim ministri Aşgabat şäherindäki Bilelikdäki türkmen-türk mekdebine baryp gördi.  Türkiýäniň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet üçin guralan ýörite maksatnama esasynda, wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine aýlanyp görerler.

Related posts

Türkmenistan Hindistany Maýa goýum Gaznasyna gatnaşmaga çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Kazanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Ata Watan Eserleri