Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra Mumbaý şäherinde 90 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada “PTI” agentligi onuň maşgalasyna salgylanyp habar berdi.
Kino sungatynda 60 ýyl işlän döwründe Dharmendra 300-den gowrak filmde surata düşdi. Ol ýurtda Raj Kapur we ýerli kinematografyň beýleki ýyldyzlary ýaly tanalýardy.
Dharmendra hindi filmleriniň “iň romantik we syrly gahrymany” hasaplanýardy. Ýerli metbugat onuň aradan çykmagy bilen hindi kinosynyň uly ýitgä sezewar bolandygyny belledi.
Dharmendra gatnaşmagyndaky iň soňky film 2025-nji ýylyň dekabrynda kinoteatrlarda görkezilmegine garaşylýardy.
Ol “Ali baba we kyrk garakçylar”, “Ar alyş we kanun”, “Ziwa we Gita” ýaly filmleri bilen dünýäniň köp ýurdunda tanalan aktýorlaryň biridir.
Hindistanyň ady rowaýata öwrülen aktýory “Filmfare Lifetime Achievement Award”, “Padma Bhushan” (2012) we “National Film Award” ýaly Hindistanyň abraýly kino baýraklarynyň eýesidir.

Dharmendra Kewal Krişn Singh Deol 1935-nji ýylyň 8-nji dekabrynda doguldy. Onuň dogduk obasy Dangor obasydyr. Kakasy mekdep mugallymy bolup işläpdir.
Dharmendra 19 ýaşynda Parkaş Kaura bilen durmuş gurup, bu maşgalasyndan Sanni, Bobbi, Widjet we Ajit atly çagalary dünýä indi.
Dharmendra soňra özi ýaly meşhur hindi sungat işgäri Hema Malini bilen durmuş gurýar. Bu nikasyndan Eşa we Ahana atly gyzlary dünýä inýär.
Meşhur aktýoryň ogullary Sanni we Bobbi Deollar hem meşhur hindi aktýorlarydyr.
Dharmendra Baharatiýa Janata partiýasynyň agzasy bolup, 2004-nji ýylda parlamentiň agzalygyna saýlanypdy.
