Türkmenistan döwletimizde surata düşürilen “Kompozitor” atly çeper filmi «Brilliant kelebek» atly Açyk Ýewraziýa kino baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň “Iň gowy hudožnik” ugry boýunça baýraga dalaşgär görkezildi.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti tarapyndan goldanylan hem-de Ýewraziýa kinematografiýa sungaty akademiýasynyň gurnaýan bu bäsleşigi ilkinji gezek geçirilýär. Dünýä belli “Oskar” baýragy hem-de Kann kinofestiwaly bilen bäsleşmek mümkinçiligine eýe boljak «Brilliant kelebek» atly Açyk Ýewraziýa kino baýragyna Türkmenistan döwletimiziň çeper filminiň hem gatnaşmagy ýurdumyzyň medeniýet we kino sungatyna berilýän uly goldawyň aýdyň subutnamasydyr.
Ilkinji gezek geçirilýän bu sungat bäsleşigine dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 34-den gowrak film hödürlendi.
– Baýragyň bäsleşigine umumy medeni we ruhy däpleri paýlaşýan ýurtlaryň filmleri gatnaşýar. Öz filmlerini Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Serbiýa, Özbegistan, Wenezuela, Kuba, Senegal, Günorta Afrika, Pakistan, Belarus, Indoneziýa, Wýetnam, Eýran we beýleki döwletler hödürledi. Bu döwletleriň hersi milli kinematografiýasynyň aýratynlyklaryny hem-de baýlygyny görkezýän işlerini iberdi» diýip, guramaçylar habar berdiler.
Baýrak aşakdaky ugurlar boýunça berler: «Iň gowy film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy ssenariýasy», «Iň gowy operator», «Iň gowy kompozitor», «Iň gowy aktýor», «Iň gowy aktrisa», «Iň gowy ikinji plandaky aktýor», «Iň gowy ikinji plandaky aktrisa», «Iň gowy hudožnik», «Ýewraziýa giňişligine girmeýän ýurduň iň gowy filmi».
Şeýle-de dabara çäginde «Ählumumy kinematografiýa goşan goşandy üçin» ýörite baýrak gowşurylar.
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen “Kompozitor” atly çeper filmi boýunça Meýlis Hudaýberenow «Iň gowy hudožnik» ugry boýunça bäsleşer.
Baýrak gowşurylyş dabarasy şu ýylyň 27-nji noýabrynda geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, “Kompozitor” atly çeper filmi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen döredildi.
