Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra sanly ulgam arkaly türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Merkeziň çäginde dolandyryş binalary, gümrük, karantin, fitosanitariýa we weterinariýa gulluklary, söwda pawilýony hem-de ammar jaýlary ýerleşýär.

Bu ýerde “bir penjire” ýörelgesi boýunça döwlet hyzmatlarynyň, interaktiw ulgamlaryň, bank, lukmançylyk we myhmanhana hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişi, giň awtoduralga göz öňünde tutulýar.
Merkeziň işleri Özbegistanyň Horezm welaýatynyň hem-de Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine – ilaty 3,5 milliondan gowrak bolan iki möhüm sebitiň hyzmatdaşlygynyň berkemegine hyzmat eder.
