DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň telefon söhbetdeşlikleri

Türkmenistanda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna giňden taýýarlyk görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň geçirýän telefon arkaly söhbetdeşliklerinde bu wekilçilikli foruma taýýarlyk görmek işine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bu gezek Seýşel adalary Respublikasynyň, Gananyň hem-de Omanyň daşary işler ministrleri bilen söhbetdeş boldy.

Seýşel adalary Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri Barri Fore, Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebit integrasiýasy ministri Samuel Okudzeto Ablakwa hem-de Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Badr bin Hamad Al-Busaidi bilen geçirilen gepleşiklerde hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ugurlaryna seredildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi

Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Ankarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Türkmenistan daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekişdi

Türkmenistanyň we Türkiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçiriler