DÜNÝÄ

Türkiýede Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Ylmy-barlag merkeziniň maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Ankara şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda hereket edýän Ylmy-barlag merkezinde maslahat geçirildi.

Geçirilen çärede Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenýän belli alymlar, edebiýatçylar, ylmy-barlag işgärleri, şeýle hem Türkiýäniň ylmy we medeni jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Merkeziň 2024-2025-nji ýyllarda amala aşyran ylmy-barlag işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem gelejekki işleriň ugurlary, şol sanda bilelikdäki ylmy-barlaglaryň geçirilmegi, täze ylmy işleri neşir etmek hem-de Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan halkara maslahatlarynyň guralmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäreniň çäklerinde, Türkiýede neşir edilen we Magtymguly Pyragynyň ömrüne, pelsepewi garaýyşlaryna hem-de döredijilik mirasyna bagyşlanan kitaplaryň we ylmy makalalaryň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. Bu neşirleriň Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge hem-de türkmen medeniýetini halkara giňişliginde beýan etmäge uly goşant goşandy nygtaldy.

Şeýle hem, geçirilen maslahatyň Türkmenistanyň taryhynyň aýratyn döwründe – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň we ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilýändigi hem bellenildi.

Bu şanly seneler Türkmenistanyň parahatçylyk, dost-doganlyk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, bu ýörelgeleriň hem Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer pikirleri bilen, hem-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bilen doly sazlaşýandygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi