2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasynyň M.S.Narikbaýew adyndaky Döwlet hukuk uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.
Dabara Gazagystan Respublikasynyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Gazagystandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ylym, medeniýet ulgamynyň işgärleri, hem-de ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Çäräni açmak bilen, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi B.Rejepow Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň taryhy ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalary bilen üç gezek tassyklanandygyny nygtady.


Soňra Gazagystan Respublikasynyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda yzygiderli we jogapkärçilikli çemeleşmäniň nusgasy hökmünde giňden tanalýandygyny bellediler. Çykyş edenler Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostluk we ruhy ýakynlyk däplerine esaslanýan doganlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda üstünlikli ösýändigini nygtadylar.
Gazagystandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlary hem aýratyn üns merkezinde boldy. Olar çykyşlarynda Türkmenistanyň sebitleýin we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky möhüm goşandyny bellediler. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň uzak geljegi nazarlaýan we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň döwletleriň arasynda dialogy, özara düşünişmegi we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi nygtaldy.
Çäräniň çäklerinde kitap sergisi guraldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň baý ruhy we medeni mirasyny şöhlelendirýän neşirler görkezildi. Myhmanlara Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky üstünlikleri barada gürrüň berýän wideoýazgy görkezildi.
Milli saz eserleriniň ýerine ýetirilmegi dabaranyň ruhuna aýratyn öwüşgin berdi.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Ilçisi gatnaşyjylara bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi we dostlugy hem-de özara hormaty pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryň möhümdigini nygtady.
Duşuşyk minnetdarlyk hatlarynyň gowşurylmagy bilen jemlenip, hakyky hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we umumy maksatlara ýetmek ugrundaky bilelikdäki maksatlara esaslanýandygyny aýratyn belläp geçdi.
