DÜNÝÄ

Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy diýip, Gruziýanyň Hökümetiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda taraplar Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerde ösdürilýän syýasy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi, energetika pudagyndaky oňyn dinamika we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin mümkinçilikler bellenip geçildi.

Taraplar, aýratynlykda, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýeti we Orta geçelgäniň ösdürilmegi barada pikir alyşdylar, bu babatda Gruziýanyň strategik ornunyň aýratyn ähmiýetine üns berildi.

Duşuşykda, şeýle hem, Merkezi Aziýada parahatçylygy ilerletmek ugrunda Türkmenistanyň edýän tagallalaryna ýokary baha berlip, sebitiň ýurtlarynyň durnuklylygynyň ykdysady ösüş üçin aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy.

Related posts

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Şu gün – Halkara ýaşlar güni

Türkmenistanda Ýewropa güni bellenildi

Ata Watan Eserleri