DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Indoneziýanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Indoneziýa Respublikasynyň daşary işler ministri Sugiononyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki we geljekde mümkinçilikleri bar bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň we Indoneziýanyň arasynda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde umumy işleri amal etmek boýunça, hususan-da, Türkmenistanyň we Indoneziýanyň halkara meýdançalarynda öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde mümkin bolan ähli tagallalary etmek barada ylalaşdylar.

Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanjak Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi