Türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» çeper filmi 2025-nji ýylyň 15-20-nji oktýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen II “Tojik somoni” halkara kinofestiwalynda eminler toparynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen bu film «Nawruz» kinoteatrynda bäsleşik maksatnamasynyň çäklerinde görkezildi.
Filme Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň tanymal kino işgärlerinden ybarat bilermenler topary baha berdi.
Türkmen kinosyna berlen bu ýokary baha filmde türkmen zenanynyň maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygyny açylyp görkezilmegi bilen hem ýokary baha mynasyp boldy.

Türkmen režissýory S. Baýramowyň «Daragt» filmi türkmen maşgalasynyň ykbaly barada gürrüň berýär. 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe adamsyny urşa ugradan baş gahryman Näzik ondan bäri ençe ýyl geçenem bolsa, gursagynda onuň gaýdyp geljekdigine bolan ynamy besläp, umyt bilen garaşyp gelipdir. Film geçen ýyllaryň edebini we şaýatlaryň gürrüňlerinden ýazylyp alnyp ýygnalan hakykatdan bolan wakalary öz içine alýar.
Türkmen zenanynyp wepadarlygyny hem-de maşgala ojagyny ygrarlylygyň giňden açylyp görkezilen bu filmine berlen ýokary baha Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryna goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Halkara kinofestiwala dünýäniň 20-den gowrak döwletinden kinorežissýorlar geldi. Bäsleşigiň temasy 16-njy oktýabrda Täjigistanda giňden bellenilýän Täjik kinosynyň gününe bagyşlanyp geçirildi.

Mundan ozal hem «Daragt» atly türkmen filmi dünýäniň köp sanly ýurdundaky halkara festiwallara gatnaşypdy we birnäçe baýraklara mynasyp bolupdy.
Şeýle hem Täjigistandaky halkara kinofestiwalynda Maksat Gylyjowyň surata düşüren “Kompozitor” atly çeper filmi görkezilip, täjik hem-de daşary ýurtly kino muşdaklarynyň dykgatyna ýetirildi. Mälim bolşy ýaly, bu film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürilipdi.
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýokary hilli mazmunly film öndürmek boýunça ýurdumyzda öňdebaryjy kärhanadygyny bellemek gerek. Her ýyl ýurdumyzyň medeniýetini, taryhyny we häzirki durmuşyny görkezýän dürli žanrly täze filmler kinoekranlaryna çykýar.
