DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi Efiopiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Addis-Abeba şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýewiň Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske Selassiýe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini bellediler.

Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Taýe Atske Selassiýe Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmen halkynyň Milli Liderine dostlukly salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

***

Şol gün Ilçi M.Işangulyýew Efiopiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Berhane Tsgaýe bilen duşuşdy.

Duşuşygyň çäklerinde Döwlet ministri B.Tsgaýe Ilçini bu möhüm wezipä bellenilmegi gutlamak bilen, Efiopiýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Efiopiýa bolan saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi Afrika bileleşiginiň wekilleri bilen hem duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi