Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (UNHCR) guramagynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Milletler Köşgünde Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 76-njy Mejlisi öz işine başlady.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A. Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Ýerine ýetiriji komitet maksatnamalary berkitmek, halkara goraglylygy we beýleki meseleleriň hataryny Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň we hökümetara hem-de hökümete dahylly bolmadyk hyzmatdaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin her ýyl Ženewada öz mejlisini geçirýär.
Umumy ýygnagyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti çykyş edip, durnukly ösüş maksatnamasynyň çäklerinde şu günki günüň esasy talap edýän düzgüne girizilen, howpsuz, kanuny we ygtybarly migrasiýany döretmekdäki Türkmenistanyň borçlaryň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi nygtalyp geçildi.
Bellenişi ýaly, ynsanperwer ugur ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak üçin uly işler durmuşa geçirilýär.
Şu ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň 34 ýyllyk şanly toýuny toýlaýan günlerimizde 142 sany daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň berilmegi hem asylly ynsanperwer işleriň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli we üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy nygtalyp geçildi.
Ýurdumyzyň raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatlygyny bermekdäki tejribesi hem-de raýatsyzlyk, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara birmeňzeş garalmagy baradaky konwensiýalara Merkezi Aziýada ilkinji bolup goşulmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwer ugur ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda 32 müňden gowrak raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi asylly ynsanperwer işleriň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli we üstünlikli dowam etdirilýändigini äşgär edýär.
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Türkmenistanyň wekiliýetiniň çykyşyny teswirlemek bilen, durnukly ösüş maksatnamasynyň çäklerinde şu günki günüň esasy talap edýän düzgüne girizilen, howpsuz, kanuny we düzgünleşdirilýän migrasiýany döretmekdäki Türkmenistanyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň kesgitleýji resminamalarynyň ähmiýetli böleginiň agzasy bolmak bilen, raýatsyzlygyň soňuna çykmak ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirilendigini bellenildi.
Mejlis öz işini 10-njy oktýabra çenli dowam eder.