BIZNES

Türkmen wekiliýeti Şarjada gurnalan atyr önümleriniň sergisine gatnaşdy

Şarja emirliginde  dürli müşki-anwar yslary bilen maýyl edýän parfýumlaryň sergisi öz işine başlady. Sergini Şarjanyň Söwda-senagat edarasy we Ekspo Merkezi bilelikde gurnadylar.

Emirat atyrlarynyň sergisi köpdürliligi hem özboluşlylygy bilen täsir galdyrýar. Bu sergi ençeme ýerli  we meşhur  brendleri öz içine alýar. Bu ýere gelenler hoşboý ys pudagynda öňdebaryjy öndürijiler, hünärmenler we täzelikler şeýle-de  ýakymly ysly tütetgiler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Emirlik atyr önümleriniň sergisine Türkmen-Emirlik Işewirler forumyna gatnaşan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri we agzalary  hem hormatly myhman boldular.

Türkmen wekiliýeti üçin  bu sergi täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek we tejribe alyşmak üçin ähmiýetli waka boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy