Paýtagtymyz Aşgabadyň adybir “Aşgabat” restoranynda “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy özüniň döredilen gününden bäri gözel tebigatymyzy gorap saklamak, geljekki nesiller üçin durnukly, arassa daşky gurşawy döretmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ösüp gelýän ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirip, olarda tebigata bolan söýgini döretmek maksady bilen, dürli derejede işleri alyp barýar.
Jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy Leýli Şyhmadowa dabarada eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda tebigaty aýawly saklamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesillerimize üçin gorap saklamak ugrunda giň gerimli işleriň geçirilýändigini belledi.
Ol esasy maksady ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant goşmakdan we tebigaty goramak barada ilaty, esasanam, ýaşlary habarly etmekden, tebigy baýlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we dikeltmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak boýunça ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamakdan we olary höweslendirmekden ybarat bolan “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy 2022-nji ýylyň tyllaýy güýzünde, ýagny, üç ýyl mundan ozal döredilendigini aýtdy.
3 ýyl… Azam däl, känem däl… Ýöne “3-lügiň” üýtgeşik sandygy belli zat. Biz Gün ulgamynyň üçünji planetasynda üç ölçegli giňişlikde ýaşaýarys. Gadymy grek filosofy Nikomah özüniň eserleriniň birinde “Üç – başynyň, ortasynyň we soňunyň bardygy sebäpli esasy natural sandyr. Şonuň üçinem ol sanlaryň kämilidir” diýip, öz çykyşynda bellän Leýli Şyhmadowa “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň üç ýyl mundan ozal esaslandyrylanda, onuň üç hünärmeni we üç agzasy bolandygyny, häzirki wagtda guramanyň ýeterlik derejede hünärmenleriniň bardygyny, agzalarynyň sanynyň bolsa 70 müňden gowrakdygyny buýsanç bilen belläp geçdi.
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy özüniň döredilen gününden bäri öz esasy maksadynyň çäklerinde dürli görnüşli döredijilik, sport bäsleşiklerini, wagyz-nesihat çärelerini geçirip, okuw-seminarlaryny hem-de Diýarymyzyň täsin ýerlerine gezelençleri gurnaýar. Guramanyň hünärmenleri ýurdumyzynyň tele we radio ýaýlymlarynda, metbugatda yzygiderli çykyş edýärler.
Häzirki güne çenli “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy 35 sany daşky gurşaw çäresini, 73 sany okuw-seminarlary, 17 sany dürli bäsleşikleri, tebigat goraghanalara 7 gezek gezelençleri gurnady; şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde 91 sany maglumat materiallary bilen çykyş etdi we ýurdumyzyň çäginde 30 müňe golaý bag nahallaryny oturtdy.
Guralýan döredijilik bäsleşikleriniň biri hökmünde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan edilen «Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek» atly döredijilik bäsleşigini görkezmek bolar.
Dabaranyň çäklerinde «Watan» gazetiniň hormatly wekilleri bilen bilelikde, bu bäsleşigiň jemleri jemlendi. Döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan Mukam Bekgylyjow, Maral Batyrjanowa, Ogulgerek Ataýewa, Röwşen Şyhberdiýew hem-de Ogulgerek Zakirjanowa gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
ÝAŞLARA ÝÜZLENMESI BOLAN AGAÇ EKILDI
Şeýle hem dabaranyň özboluşyl aýratynlyklarynyň biri hem jemgyýetçilik guramasynyň esasy maksatlarynyň biri bolan ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrmaga gönükdirilen asylly başlangyçlarynyň rowaç bolmagy maksady bilen, ýaşlara ýüzlenme, şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň ýürek-arzuwlary ýazylan hat bukjalary ýörite gutujyga ýerleşdirilip, şol guty bilen ýaş agaç nahaly oturdyldy. Bu agaç nahalynyň ýene-de 10 ýyldan açylmagy göz öňünde tutulyp, ol hem jemgyýetçilik guramasynyň edara binasynyň howlusynda öz ösüşini dowam etdirer.
Bu dabara ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdy.