BIZNES

Türkmen-horwat işewürlik forumy geçiriler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda “Tegelek-stol” görnüşinde geçiriljek Türkmen-Horwat işewürlik forumyna telekeçileri we kompaniýa ýolbaşçylaryny gatnaşmaga çagyrýar.

Forumyň çäklerinde maglumat tehnologiýalary, gurluşyk, senagat enjamlary, myhmanhana işi, lukmançylyk enjamlaryny üpjünçilik, metalkontruksiýalary öndürmek we üpjünçiligi, nebitgaz enjamlaryny öndürmek we üpjünçiligi, gämi gurluşygy we deňiz ulaglaryny bejermek ulgamlarynda işleýän horwat kompaniýalarynyň tanyşdyrylyşlary meýilleşdirilýär.

Forum söwda-ykdsady hyzmatdaşlygyň geljegini, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy we Türkmenistanyň hem-de Horwatiýanyň telekeçileriniň arasynda tejribe alyşmaga ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar.

Related posts

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna emeli aň ulgamy ornaşdyrylar

Ata Watan Eserleri

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Dışişleri Bakanı Mevlüt Çavuşoğlu’nun Türkmenistan ziyareti

vepa