Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda (TIF 2025) Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow ýurduň logistika strategiýasyny tanyşdyrdy. Bu strategiýa ulag pudagyny döwrebaplaşdyrmaga we onuň halkara kommunikasiýa düzümindäki ornuny berkitmäge gönükdirilendir.
Türkmenistan ulag düzümini ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalary işjeň durmuşa geçirýär. Esasy tagallalar ulag toruny giňeltmäge we ýük akymlaryny artdyrmaga jemlenendir, bu bolsa ýurduň üstaşyr-ulag kuwwatyny doly açmaga ýardam edýär. Pudagyň ösüşi sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, bu Türkmenistanyň dünýäniň ulag ulgamlaryna goşulyşmagyna mümkinçilik berýär.
Gelejegi uly taslamalaryň arasynda uzynlygy takmynan 600 km bolan Aşgabat – Arkadag – Awaza demir ýolunyň gurluşygy bar. Bu taslama içerki arabaglanyşygy gowulandyrmaga we ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, 2011-nji ýylda Aşgabat ylalaşygyna gol çekilmegi möhüm ädim boldy. Bu ylalaşyk Oman, Eýran, Türkmenistan we Özbegistanyň arasynda halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek üçin esas goýdy. Soňra bu ylalaşyga Katar, Gazagystan we Hindistan hem goşuldy.
Ýene bir geljegi uly taslama – Türkmenistanyň günbatar serhedinden başlap, Owganystanyň üsti bilen Pakistana we ondan aňry Hindistana uzajak Turgundy – Hyrat – Kandagar demir ýol magistralydyr. Bu taslamanyň çäklerinde eýýäm uzynlygy 42 km bolan Ymamnazar – Akina – Andhoý bölegi gurulýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan öz demir ýol düzümini ep-esli giňeltdi. Täze demir ýollaryň 1659 kilometri guruldy, şol sanda:
- Tejen – Sarahs;
- Türkmenabat – Kerki;
- Aşgabat – Daşoguz;
- Bereket – Serhetýaka;
- Bereket – Etrek;
- Kerki – Ymamnazar.
Häzirki wagtda 5000 km-den gowrak demir ýollary ýurduň sebitleriniň arasynda ygtybarly arabaglanyşygy üpjün edýär we üstaşyr gatnawlaryň ösmegine ýardam berýär. Pudagy döwrebaplaşdyrmak üçin täze ýolagçy we ýük teplowozlary satyn alyndy, şeýle hem Türkmenabat – Kerki – Amyderýa ýaly möhüm köprüler we beýleki düzümleýin desgalar guruldy.
Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky strategiki ýerleşişi ony Gündogary we Günbatary birleşdirýän üstaşyr geçelgelerde esasy çatryga öwürýär. Hytaý – Ýewropa ugurlarynyň çäklerinde Hytaý – Gazagystan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa ýaly geçelgeler ösdürilýär. Şeýle hem täze ugurlar döredilýär, olaryň hatarynda:
- Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe;
- Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we awtomobil ýollarynyň torunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär, bu bolsa gaýtadan işlenýän ýükleriň möçberiniň artmagyna oňyn täsir edýär.
Ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistan döwrebap, ýokary tehnologiýaly düzüme maýa goýýar.
Akmämmedow Türkmenistan üçin maýa goýumlaryň diňe bir maliýe serişdeleri bolman, eýsem tehnologiýadygyny, bilimdigini, halkara önümçilik zynjyrlaryna goşulyşmakdygyny we güýçli işgärlerdigini belledi.
Türkmen tarapy hyzmatdaşlaryň goldawy bilen Merkezi Aziýany ählumumy ulag toruna birikdirip, sebiti halkara söwdasynyň we ulagyň möhüm merkezine öwürmegiň başartjakdygyna umyt bildirdi.
Türkmenistan ulag ulgamynyň durnukly ösüşine ählumumy ösüşiň esasy hökmünde garaýar. Ýurt öz tejribesini paýlaşmaga we beýik taslamalary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardyr.
