JEMGYÝET

Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy

Diýarymyzda bellenilýän şanly baýramçylyklar mynasybetli Arkadag şäherinde bagtyýar maşgalalara täze jaýlaryň açaryny gowşurmak dabaralaryny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýerde täze ýaşaýyş jaýlarynyň we döwrebap kottejleriň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň şanyna geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.

Olara Arkadag şäheriniň häkimliginiň, edara düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, täze jaýlara göçüp gelen maşgalalar, olaryň dogan-garyndaşlary, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Bu gezekki dabaranyň dowamynda şaýat bolnan wakalar oňa gatnaşyjylar üçin aýratyn begençli pursatlara beslendi.

Täze jaýa göçüp gelen Nurgeldiýewleriň maşgalasynda dünýä inen ogul bäbejigiň bäbekhanadan çykarylyp getirilmegi döwrebap ýaşaýyş jaýyndan öýli bolan maşgala üçin goşa toýa öwrüldi.

Kottej jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasy bolsa Ýazlyýewleriň maşgalasynda tutulan gelin toýy bilen utgaşdy. Uzyn hatarly gelnalyjy kerweniniň gelmegi döwletli Diýarymyzda türkmen halkynyň toý tutmak bilen bagly däpleriniň has döwrebap öwüşgine eýe bolýandygyny aýdyň görkezdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy