DÜNÝÄ

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap seýilgäh özüniň binagärlik çözgüdi bilen paýtagtymyzyň durmuş maksatly desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Ýatda galyjy pursatlara beslenen dabara  ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgady hökmünde kabul edildi.

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly sene mynasybetli guralan dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we bagtyýar körpe nesiller, şäheriň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

  

Bu ýerde guralan dabarada edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyp ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!»  diýen ynsanperwer ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Täze seýilgähde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýörite meýdançalar, güller we dürli baglar seýilgähiň ajaýyp keşbinde sazlaşyk döredýär. Welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary, yşyklandyryş sütünleri bu ýerde ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy